SANLY BILIM — DÖWREBAPLYGYŇ NUSGASY

23-12-25

Watanymyzyň bedew batly gadamlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.

Bu zerurlygyň häzirki döwürde dünýä tejribesiniň öňdäki basgançagy bolan sanly ulgamyň şertleri bilen çözülmegi ýurdumyzda baş ösüş ugurlarynyň biri bolup, mynasyp alnyp barylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda amala aşyrylyp, gysga döwrüň içinde görnetin netijelerini berdi. Munda bilim ulgamynyň hem kämillik derejesi täze ösüş döwrüne gadam basdy. Sebäbi öňden hem ýurdumyzda kompýuterleşdirilen şertlerde kämil usullaryň, interaktiw synp tagtalarynyň esasynda alnyp barylýan okuw sapaklarynyň has-da ösen tehnologiýalara esaslanyp guralmagy ýeňillikleri döretdi.

Bilim ulgamynyň çalt depginde ösdümegi esasynda ýaşlaryň bilim başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýeňillik döredi, olaryň okamak üçin gerek bolan şertlerden peýdalanmagynda wagtlaryny tygşytlaýjy hyzmatlar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hem ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim alýan ýaşlaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, ählisi üçin maglumatlar bilen tanyşmaga, elektron kitaplary, gollanmalary we beýleki edebiýatlary okamaga şertler açylýar. Bu bolsa şu günki günüň sanly bilim ulgamynyň kemala gelýänliginiň görkezijisidir.

Sanly bilim — halkymyzyň şu günki ýaş nesliniň aladasy esasynda ýurdumyzyň ýagty geljeginiň üpjün edilmegidir we onuň ösüşli ýollarynda bolsa ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, bilim gorunyň, başarnyklarynyň özgerip, intellektual jemgyýetiň kemala gelmegidir. Şu ugurdan seretsek, biziň her birimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz işimizde peýdalanmakdaky şertlerimizi ýeterlik derejede öwrenmegimiz zerury ýagdaýdyr.

Häzirki wagtda ähli bilim ojaklarynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykda sapaklar, wideoşekilli maslahatlar, dersler boýunça döwrebap elektron toplumlary, elektron okuw kitaplary, okuw görkezme esbaplary, okuw sapaklaryna degişli wideo şekilli görnüşler döredip talyplara ýetirmek işi dowam edýär. Ýokary okuw mekdebimiziň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça yzygiderli bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Munuň özi ýokary bilim ulgamynda ylmyň sanly tehnologiýa esasynda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.

Hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň kämil bilim almagy, ösen tehnologiýa enjamlaryndan dogry we dürs baş çykaryp, bilim bermäge döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Näzik KULIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.