OBA HOJALYGY: DÖWREBAP ÖZGERTMELER

24-05-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, pagtadyr bugdaý bilen birlikde gök-bakja ekin önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň we miweleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, oba hojalygyny suw bilen doly möçberde üpjün etmek, şu maksat bilen, suw desgalaryny, suw akabalaryny, suw göterijileri abatlamak we gurmak öňde durýan esasy wezipelerdir. 

Alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler oba özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge, döwletimiziň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamyna laýyklykda, pudaga giň möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Obasenagat toplumynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýiji kärhanalary, mineral dökünleri öndürmek boýunça zawodlary gurmaga ägirt uly serişdeler goýberilýär. Muňa ýurdumyzda täze dökün öndürýän kämil önümçilik toplumlarynyň bina edilmegi, öňden işläp duran kärhanalaryň durkunyň düýpli täzelenmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Bulardan başga-da ýerleri suwlulandyrmaga, işläp bejermäge, tohumçylygy, ylmy we seçgiçiligi ösdürmäge, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp şertlerinden ruhlanýan edermen daýhanlar oba hojalyk önümçiliginde öňdebaryjy tejribelere we pederlerimiziň baý ekerançylyk däplerine daýanyp, netijeli zähmetiň ýokary nusgasyny görkezýärler. Olaryň päk zähmetiniň miwesi, bol hasyly watandaşlarymyzyň saçaklarynyň berekediniň girewidir. Watanymyzyň azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi, oba hojalyk pudagynyň we ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy döredilýän şertleriň miweleridir. Oba milli maksatnamasyny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde oba ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda hem tutanýerli işler alnyp barylýar. Netijede, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär. Biz muny obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň durkuny täzelemek, täze döwrebap obalary döretmek boýunça işleriň yzygiderli amala aşyrylýandygynda duýýarys.

Ak altynly meýdanlarda hem Watan harmanyny beýgeltmek ugrunda daýhan yhlasy gaýnap joşýar. Oba hojalykçylarymyz döwletliligiň, rysgal-berekediň, bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny uly ösüşlerdir özgertmeler bilen belent sepgitlere ýetirmek ugrunda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaç bolsun!

Babyş ATJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Asylly däbe görä her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy özüniň halal zähmeti bilen Watanyň şanyna şan goşýan, saçaklaryň berekedini artdyrýan adamlara bildirilýän ýokary sylag hormatdyr. Ýakyn günlerde bu toý güneşli ülkämiziň hemme ýerinde uludan tutular. Gahryman Arkadagymyzy şeýle-de Arkadagly Serdarymyzy ýetip gelýän şanly baýram – Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.