Bitaraplyk — baky bagtymYZ
21-10-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha artdyrýar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.
Dünýä ýaýylan parahatçylyk taglymatyna esaslanyp, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi. Munuň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek ýylyna gabat gelmeginiň aňyrsynda uly many jemlenýär. Häzirki günde Türkmenistan dünýäde sebitleýin we ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýän hem-de abadançylygyň, parahatçylygyň, şonuň ýaly-da ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary hökmünde tanalýar. Hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa ornaşdyrýan ýurdumyzda geçirilýän iri halkara forumlary, duşuşyklary, sergileri ýokardaky aýdanlarymyza aýdyň subutnamadyr.
Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Şunda, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny aýratyn belläp bileris. BMG-niň Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky we beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygyň has-da artýandygy guwandyryjydyr. Dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.
Ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçiliklere ýol açan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy — halkymyzyň milli guwanjydyr we mertebesidir. Türkmenistanyň her bir raýaty Watanymyzyň bu baýlygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumadamzat ähmiýetini ýaýbaňlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maksat BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.