Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly
04-12-22
Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz ata Watanymyzyň dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuna eýe bolmagynyň, dünýä dolmagynyň we ösmeginiň goşa ganatydyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklardan bäri parahat durmuşa, asuda ýaşaýşa uly sarpa goýýarlar. Çünki parahatçylygyň bar ýerine gülläp ösmek, rowaçlyk ýardyr. Biziň şu günki asudalyga, hoşniýetli gatnaşyklara bolan söýgimiz öz gözbaşyny pederlerimiziň çuňňur paýhasyndan alyp gaýdýar. Bu gün bolsa halkymyzyň parahatçylyga goýýan sarpasy, ynsanperwerlik ýörelgesi, hoşniýetlilik, açyk göwünlilik, ynanyşmak häsiýeti Bitaraplygyň filosofiýasy bolup giň jahana ýaýylýar. Diýmek, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga, ýagşy niýetlilige, adalatlylyga ýugrulan hamyrmaýasydyr, ösüşiň, kämilligiň aýdyň ýoluny şöhlelendirýän taglymatydyr.
Ähmiýeti, zerurlygy babatda iňňän uly baýlyk bolan Bitaraplygymyza eýe bolan günümiz taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine ýetirýär we däp bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni uludan bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli geçen Bitaraplyk ýyllary içinde gazanylan we indi gazanyljak ösüşlerimize, bolup geçýän dürli öwüşginli wakalara akyl ýetirmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Ykbal kesgitleýji taryhy wakalaryň, milli gymmatlyklaryň, ýörelgeleýin binýatlaryň hatarynda Bitaraplyk wajyp orun tutýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion Kanun kabul edildi. Olarda: «Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip nygtalýar. Şeýle hem şu sene Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Her ýylyň 12-nji dekabry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Mundan başga-da, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara resminamalara laýyklykda, milletler bileleşigi Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini resmi taýdan ykrar etdi. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň derejesinde şu hili halkara-hukuk resminamasy görnüşinde berkidilmegi oňa has köp durnuklylyk we berklik berýär hem-de dünýä bileleşiginiň ýurtlary tarapyndan bu bitaraplygy kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, aýratyn-da, halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek boýunça uly tejribe toplady hem-de parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde alnyp barylýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Halkara bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mysalynda halkara gatnaşyklarynyň tejribesiniň hil taýdan täze nusgasynyň döremeginiň şaýady boldy.Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.
Şeýle şanly wakadan bäri 27 ýyl geçdi. Göräýmäge sanlyja ýyl geçen hem bolsa, ol ýyllaryň içinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli ençeme işler amala aşyryldy, döwletimiziň halkara syýasaty ösüşiň belent derejesine ýetdi. Döwletler bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň gerimi giňedi. Türkmenistan içeri we daşary syýasatda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Ol ylalaşdyryjy merkeze we ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi.
Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň milli özboluşlylygyny beýan edýän taryhy ýörelgeleriniň, pederlerimiziň döwlet gurmak tejribesiniň, durmuş kadalarynyň we ata-babalarymyzyň umumadamzat medeniýetine mynasyp goşant goşan bütindünýä gymmatlyklarynyň has-da dabaralanmagyna giň ýol açýar.
Diýmek, Bitaraplyk halkyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr, milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasydyr, buýsançly geçmişine, şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde deňli-derejeli, mertebeli, parahat we ynanyşmak esasynda ýaşamagy üçin kepilnamasydyr. Asmanyň arassa bolmagyny, dostluk-doganlygy, wepalylygy, erkinligi janyndan eý görüp, aryny-namysyny, lebzini, mertebesini baýdak edinip, birnäçe müňýyllyklaryň külpetli ýollaryny geçip gelen türkmen üçin «bitaraplyk» diýen düşünjäniň neneňsi, näderejede arzylydygyna, mukaddesdigine göz ýetirmek kyn däldir.
Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyz biziň halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bitaraplyk ata-babalarymyzyň salgy beren ýoly bilen ýöremäge, milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge mümkinçilik berdi. Ýürekleriň buýsanjyna öwrülen bu mukaddes söz biziň her birimiziň asuda we azat durmuşda arkaýyn ýaşamagymyzyň kepili bolup ýaňlanýar. Oňa bolan buýsanç duýgulary bolsa döwletimiziň her bir raýatyny hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşdirip, Watanymyzyň geljegi üçin halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Bägül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Serdar ÖWLÝAKULYÝEW.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.