Berkarar döwletimizde zenan mertebesi
26-02-25

Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler.
Mynasyp nesil terbiýesi biziň rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran zenanlarymyzyň boýnuna düşýän esasy borçlaryň biridir. Elbetde, zähmetde we durmuşda uly üstünlikler gazanýan şeýle zenanlarymyza biz buýsanmaga we guwanmaga haklydyrys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin uly aladalar edilýär. Zenan durmuşyň gülüdir. Görki güle çalymdaş ajap gelin-gyzlarymyz ýaşaýşy gözellik hemde mylaýymlyk bilen bezeýär. Halkymyz zenanlaryny ýüzüniň tuwagy hasaplaýar.
Milli Liderimiziň zehin sahawatyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi, zenan mertebesi barada giňişleýin beýan edilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ene türkmen zenanyna nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmen zenanlary ähli döwürlerde aýratyn mähir, söýgi bilen gurşalandyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda türkmen zenanynyň başarnygyna, ukybyna uly baha berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenany döwür bilen aýakdaş barýar. Häzirki wagtda zenanlar durmuş-ykdysady pudaklarynyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler. Türkmenistanda döwlet jemgyýetçilik ösüşini amala aşyrmagyň ähli ugurlarynda zenanlaryň işjeň orny bar.
Aýal-gyzlar jemgyýetde öz mynasyp ornuna eýe bolmaga, döwlet işlerinde jogapkärli wezipeleri alyp barmaga, giň demokratik esaslarda saýlawlara gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga intellektual ulgamlarda öz döredijiligini ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilen we şeýle hukuklar kanun esasynda berkidilendir. Şu alnyp barylýan asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan sarpasynyň has belentde durýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Mukaddes eneler — ýaşaýşyň gözbaşy, ynsan kalbynyň öçmejek nury. Ene görüm-görelde mekdebidir. Biz eneleriň mähri bilen dünýä inip, ene söýgüsi bilen kemala gelýäris. Her bir türkmen öý-ojagynda enäniň terbiýesine uýulýar. Ene göreldesi terbiýe babatda maşgalanyň agzybirliginiň gönezligi hasaplanýar. Maşgala abatlygyny, öý-ojagyň abadanlygyny üpjün edýän mähriban eneleriň keşbi ýüreklerde müdimilik nagyşlanandyr. Öz perzendine uzak ýaş arzuw edip, ak bagtyň ýollaryna atarýan mährem zenan enedir. Ösüp gelýän ýaş nesillere durmuşda öz ornuny tapmaga enäniň beren maslahatlary gymmatly ýol görkezijidir.
Maşgalada ojagyň söýesi zenan hasaplanýar. Maşgala mukaddesligini gorap saklamak hem zenanlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Dogan-garyndaşyny, öý-ojagyny, ýanýoldaşyny, perzendini söýgi, mähir-muhabbet bilen gurşap alýan zenan uly abraýa eýedir. Agraslylygy, akyllylygy, edep-ekramy ilkinji nobatda goýýan ata-babalarymyz zenanlaryň boýuny ajaýyp altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezäpdirler. Şeýle şaý-sepleri dakynan zenanlar özleriniň gözelligi bilen töweregini haýrana goýupdyrlar.
Ene mähriniň bar ýerinde bagt, asudalyk, agzybirlik höküm sürýär. Diýmek, adamzat jemgyýetinde zenanyň orny has uludyr. Zenan üçin iň uly bagt — ene bolmak bagtydyr. Ynsan üçin eneden eziz, eneden mähriban adam ýok. Ene ýüreginiň mähri, ene elleriniň ýylysy, enäniň şirin hüwdüsi ynsanyň kalbyna baky ornan gymmatly mukaddeslikdir. Eneli dünýä — ajaýyp dünýä. Enäniň arassa päk kalbyndan çogup çykýan hüwdüsi mähir söýgüsidir, ýürek mukamydyr. Enäni hormatlamak, enäni söýmek Watany söýmek, durmuşy söýmek diýmekdir. Zenan ýüreginden çykýan alkyşlar has üýtgeşik bolýar. Ol alkyşlar, arzuwly sözler ynsan ýüregini kökerýär. Milletimiziň ulusy-kiçisi zenan sözüniň gudratly güýjüne belent sarpa goýýar. Munuň özi bolsa, halkymyzyň ruhy taýdan baýdygynyň we uly bagtyň nyşanydygyny aňladýar.
Barlygymyzyň gül görkli zenanlary, siziň nurdan doly nurana, owadan ýüzüňiz elmydama ýylgyryp dursun! Siziň kuýaş suwy çaýylan owadan ýüzüňizde, mähirden püre-pür gözleriňizde gözýaş hiç haçan görünmesin! Türkmen eneleriniň, türkmen zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary ugrunda paýhasly syýasaty bilen uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.