ŞANLY TOÝUŇ JOŞGUNLY ÝALKYMY
08-12-22
Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 27 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly döwletimiziň belent halkara derejesine we bütindünýä ykrarnamasyna öwrülen, hoşniýetliligiň, parahatçylygyň, asudalygyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň aýdyň ýoly hökmünde dünýä içre ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 27 ýyl dolýar. Bu şanly toýa bagtyýar halkymyz uly zähmet sowgatlary, ýokary ruhy joşgun bilen barýar.
Halkara derejesinde asudalygyň, parahat durmuşyň we howpsuzlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen eziz Watanymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk çärelerine ýurdumyzyň bilim edaralarynda hem işjeň gatnaşmak bilen, dürli medeni-köpçülik we wagyz-nesihat çärelerini geçirmek arkaly şanly baýramçylygy dabaralandyrmaklyga mynasyp goşant goşýarlar.
Aýratyn ähmiýetli tarapy hem bu şanly senäniň halkara derejesinde bellenilip geçilýändigidir. Çünki Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan güni, ýagny 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamanyň birinji gezek we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Hawa, Bitaraplygymyz baky bagtyýarlygymyzdyr, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmegiň netijeli guralydyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň kemala gelmeginiň hem-de kämilleşmeginiň müňýyllyklara uzaýan taryhy çeşmesiniň ajaýyp miwesidir.
Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanyp, ýakyndaky we alysdaky sebitler bilen dostana gatnaşyklary üstünlikli ýola goýýar. Ata Watanymyz dünýä üçin açykdyr. Şol sebäpli ýurdumyzda müdimi abadançylyk, bagtly ýaşaýyş höküm sürýär. Halkymyz özüne abadan we eşretli ýaşaýşy bagyş eden, Ýer ýüzünde ynanyşmagy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baýramyňyz gutly bolsun eziz ildeşler!
Süleýman GURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.