Gelse Nowruz äleme...
22-03-25
Baharyň gelmegi bilen türkmen halkynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň şowhuny hem bütin töweregi gurşap alýar. Magtymguly Pyragynyň «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, aýdyşy ýaly, tebigat al-elwan güllerden keşde çekilen ýaşyl dona bürenip, gözel görke gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Milli bahar baýramy halkymyzyň hoşniýetliligini, kalbynyň giňligini we jomartlygyny görkezýän, onuň dünýägaraýşyny kemala getirýän ajaýyp many-mazmuna eýe bolan baýramdyr.
2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu baýram halkara derejä eýe bolan gününden bäri halklary doganlaşdyrýan, hoşniýetliligiň beýik ýörelgeleriniň baýramy hökmünde bellenilýär.
Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Nowruz baýramy halklaryň arasynda özara düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu gadymy baýramy halkymyz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýar» diýip, halkalaryň ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklarynda Halkara Nowruz baýramçylygynyň uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Hakykatdanam, her dürli milli tagamlar bilen bezelen saçaklaryň giňden açylmagy, birek-biregiňkä myhmançylyga gelinmegi ynsanlaryň arasyndaky mähribanlygy, hormat-sarpany artdyrýar. Ýakyn-ýat bilen dost-doganlykly gatnaşmak bolsa, biziň halkymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň gadamlary batly bolsun, türkmen halkyna çäksiz bagt, döwletli döwranlary baky eçilsin! Nowruz biziň öýlerimize rysgal-döwlet, kalbymyza şatlyk, ruhumyza täze umytlar getirsin. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýgül HOJAGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.