BAŞ MAKSAT — KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

24-05-24

Ähli ösüşleriň özeninde bilimiň durandygy mälimdir. Şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda bilimiň binýady berkden tutulyp, onuň kanunçylyk-hukuk derejesi berkidilýär. Şonuň ýaly-da halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň bu ugurda gazanan oňyn tejribesini öwrenmäge we milli nusgalara laýyk getirip ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetimiziň ösmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Türkmen oba hojalyk instituty ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň dürli pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebidir.

Türkmen oba hojalyk institutynda häzirki zaman kompýuter-tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw binalary, ähli ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilen umumy ýaşaýyş jaýlary, merkezi naharhana, talyplar hammamy, durmuş hyzmatlaryny edýän nokatlar, abzallaşdyrylan ýapyk we açyk sport meýdançalary, uly we kiçi mejlishanalar, internet ulgamy, okuw-ylmy we çeper edebiýatlary özünde jemleýän kitaphana, giň okalga zaly, elektron okalgasy, taryhy we haýwanat muzeýleri, saglygy goraýyş gullugy talyplaryň hyzmatynda. Okuw tejribelikler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin  ýörite niýetlenilen bölümlerinde we hormatly Prezidentimiziň halkymyza  sowgat eden täze edara-kärhanalarynda  guramaçylykly alnyp  barylýar. Bu bolsa ýokary hünär okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň ösen tehnologiýalaryň enjamlaryndan doly baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek konsepsiýasyna laýyklykda ýokary okuw mekdebimizde goňşy döwletlerde oba hojalyk ugrunda okadylýan okuw jaýlary bilen onlaýn duşuşyklar, wideo şekilli ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bulardan başga-da, ýokary okuw mekdebimizde hormatly Prezidentimiziň ýaşlar syýasatyndan ugur alyp, döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, zehin, sport bäsleşikleri, ýörite sergiler gurnalýar. Bu geçirilýän çäreleriň netijesinde talyplar öz okaýan ugurlary boýunça has hem kämilleşýärler. Ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmagy, saýlap alan ugry boýunça kämilligi gazanmagy, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda aladalar hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin ähmiýetli däl-de, eýsem, halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi. Hormatly
Prezidentimiz ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiklerinde bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny telematik sanly ulgama geçirmek barada Konsepsiýa bar. Häzirki wagtda telematik sanly ulgam bilen doly üpjün edilen döwrebap tehnikalar tapgyrlaýyn getirilip önümçilige ornaşdyrylýar.

Sanly telematik ulgamy dolandyrmak maksady bilen, zerur hünärmenler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin biziň ýokary okuw mekdebimiziň oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary ýörite okuw maksatnamasy esasynda dersleri özleşdirýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda simsiz aragatnaşygyň hem-de nawigasiýanyň hemra ulgamynyň ösdürilmegi telemetrik ulgamlar arkaly takyk, sanly ekerançylyga geçirilýän oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam eder.

«John Deere» kombaýnlary Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda işlemek bilen, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysalyny görkezdiler. Döwrebaplaşdyrylan «John Deere» tehnikasyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin hem getirmek göz öňünde tutulýar. Arkadagly Serdarymyz senagatlaşdyrmak — innowasiýa esasynda ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna yzygiderli ýardam berýär, Türkmenistana tapgyrlaýyn getirilip başlanylan hasyl ýygnaýjy iň täze «John Deere» tehnikalarynyň nobatdaky iri tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem muňa mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady bolup durýar hem-de bu pudagyň bar bolan kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini pugtalandyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrar. Biz bagtyýar ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Äşe GURBANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.