PARAHATÇYLYGYŇ HEM HOŞNIÝETLILIGIŇ BAÝRAMY

10-12-22

Düşünişmek, ylalaşmak, parahat, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk bu häsiýetleriň ählisi türkmene asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetler. Buýsandyrýan ýeri, milletimiziň zandyna ornan şol häsiýetler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Onda-da diňe öz halkymyzyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýä halklarynyň hem parahatçylygyny gazanmagy esas edinýär. Bu günki gün bolsa şol milli häsiýetlerimiz türkmen bitaraplygynyň mysalynda aýdyň şuglalanýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ynsanperwerlige esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barha rowaçlyklara beslenýär. Çünki Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine, onuň sebitde işjeňlik görkezýän syýasy subýektleriň birine öwrülmegine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk we durnuklylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hut Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyza häzirki zaman howpsuzlyk ulgamy döredilende, sebitleýin hem halkara gapma-garşylyklaryň syýasy çözgütleri kabul edilende, töwekgelçilikleriň, wehimleriň öňi alnanda we olar aradan aýrylanda hyzmatdaşlygyň iň bir netijeli ugurlaryny saýlamaga mümkinçilik berýär. Umuman, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň ýurdumyza bildirilýän ynama we dünýä sahnasynda onuň eýeleýän ornunyň ykjamlygyna güwä geçýär.

Parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, şol başlangyçlaryň dünýä halklarynyň gyzgyn goldawyny tapmagy bolsa aýdanlarymyzyň anyk we aýdyň delili. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň biragyzdan ikinji gezek kabul edilmegi bolsa öz gezeginde milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatynyň goldanýandygynyň ýene bir güwäsidir.

Türkmeniň ynsanperwerlik syýasatynyň halkara giňişlikde parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda iň täsirli gural hökmünde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolan bu karar milletimiziň umumadamzat gymmatlygyna goşan nobatdaky goşandy boldy.

Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ösüşleriň beýikliklerine alyp gitmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Şyhnazar BAÝRAMDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.