AK ŞÄHERIM AŞGABAT

12-01-26

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar.

Döwlet Baştutanymyz pederleriniň ýoluny tutup, döwlet başyna geçen gününden başlap, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek we onuň halkara abraýyny has-da belent derejelere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalaryny siňdirýär. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki sebitlerde gurulýan beýik-beýik binalar, depesi göge ýetýän minaralar pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň gaty alyslara uzaýandygyndan habar berýär.

Nesillerimize ebedi miras galan gadymy binagärlik senedi türkmen halkynyň häzirki eşretli hem-de nurana günlerinde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi. Muňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ak şäherimiz Aşgabatda bina edilen depesi tylla gümmezli köşgi-eýwanlary, başy bulutlary guçýan belent ymaratlary, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, türkmen myhmansöýerliginiň nusgasyna öwrülip öwşün atýan ak mermerli owadan myhmanhanalary, göwünlerimiziň joşgunyna, kalbymyzyň perwazyna meňzäp asmana atylýan, biri-birinden täsin suw çüwdürimler toplumlaryny, gözel Diýarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, ynsanlary biri-birine golaýlaşdyrýan rowana ýollary mysal getirmek mümkin. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gün-günden pajarlap ösýän paýtagtymyz milli binagärlik sungatymyzyň iň soňky gazananlarynyň Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylmagyndan bütinleý diýen ýaly täze keşbe girdi.

Baş şäherimizde döredilýän täsin desgalar kaşaňlygy, gözelligi, özboluşlylygy, türkmeniň arzuwyny, ruhuny, mundan-da nurana geljege umydyny beýan edip bilýänligi, halkymyzyň buýsanjyny, guwanjyny özünde jem edýänligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Bedew bady bilen gurulýan paýtagtymyzda döredilýän sazlaşykly gözellikleri gören her bir adam berkarar türkmen döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerine haýran galýar. Öz şöhratly taryhynda 70-den gowrak döwleti döredip bilen halkymyzyň bu günki bedew batly ösüşlerini gözügidijilik bilen synlap, oňa mynasyp baha berýär. Täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň birnäçesiniň, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň özüniň ak mermer bilen örtülen binalarynyň köplügi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi bolsa türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy öňe alyp barýan adyl ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn binagärlik taslamalarynda halkymyzyň eşretli, döwrebap, medeniýetli ýaşaýşy ugrunda ägirt uly işler amal edilýär. Aşgabat häzirki wagtda, dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyk esasda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ak şäherimiz Aşgabat gün-günden ösýär, gözelleşýär. Bu edilýän işleriň ählisi hem hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Bizi şeýle eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Jumagül AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.