Dünýä dillerini öwrenmek ýaşlary kämil hünärmenler bolmaklaryna täsir edýär

03-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Bu günki gün ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň döwletimiz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetine şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtlar bilen barha giňeldilýän we ösdürilýän ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň netijesinde, Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraý-mertebesi gün-günden artýar. Bu bolsa ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmegi we olary ýaş nesle öwretmegi has-da kämilleşdirmegi, onuň döwrebap usulyýetleriniň özleşdirilmegini talap edýär. Çünki dünýä döwletleri bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda aragatnaşygyň serişdesi, ylym we usulyýet maglumatlaryny almagyň çeşmesi hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr.

Ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini suwara bilmekleri bilim ulgamynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň sagdyn, sowatly, arassa ahlakly, watansöýüji, dürli dilleri suwara bilýän, kämil ylym-bilimli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde täze tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler ulanylýar. Bu Konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, kämil hünär öwrenmekleri, dil taýýarlygy, dil öwrenmekde döwrebap usullardan peýdalanmaklary, toplanan baý tejribäni özleşdirmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilen. Geljekki talyplara iňlis, rus, hytaý dilleri boýunça geçilýän okuw sapaklarynda agzalan Konsepsiýada takyk hem dürs beýan edilen ýörelgelere eýerilmegi, esasan-da, daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksizliginiň berjaý edilmegi, kommunikatiw we interaktiw, innowasion bilim tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmagy ýokary netijeliligi gazanmakda ähmiýetlidir.

Talyplar daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda, sanly ulgam arkaly daşary ýurt dillerinde uzak aralykdan guralýan teleköprülere, halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlary hem öz işlerini täzeçe gurap başladylar. Olar institutda okadylýan daşary ýurt dillerini, ýagny iňlis, rus, hytaý, ýapon, nemes dillerini hünäre gönükdirip okatmakda uly tejribe topladylar. Bu ugurda mugallymlar we talyplar portalyň hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar. Mugallymlar öz sapak ýazgylaryny, goşmaça maglumatlary, dürli gyzykly gönükmeleri, testleri, çekişme häsiýetli soraglary, öwrenýän diline degişli ýurtlaryň şeýle-de dünýä ýurtlarynyň täsinlikleri baradaky suratlar arkaly dürli ýumuşlary taýýarlap, olary öz sahypasynda ýerleşdirip, talyplaryň gyzyklanmasyny döredýärler. Talyplar mugallymyň sahypasyna girip, gönükmeleri, testleri we ýumuşlary çözmäge, pikir alyşmaga, soraglaryna jogap tapmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de özbaşdak işleri ýerine ýetirýärler, aralyk we jemleýji synaglary tabşyrýarlar. Mugallym bu işe öz döredijilik zehinini siňdirip, işleriniň käbir bölegini olaryň üsti bilen hem gurnaýar. Talyplar öz atlary bilen hem çykyş edip bilýärler. Bu bolsa talybyň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp şertlerde okap bilim aljak ýaşlarymyz ýurdumyzyň geljegidir. Ýaş nesliň dil taýýarlygyny ýokarlandyrmakda berýän goldawlary, dünýä dillerini kämil derejede öwrenmek babatda döredýän döwrebap şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdyp, uzak ömür, berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.