Awstriýa — Gruzin gatnaşyklary täze tapgyra çykar
03-05-21
Awstriýa döwletiniň kompaniýalary häzirki zaman enjamlary we nou-haular bilen gruzin portlarynyň giňelmegine goşant goşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu meýilleriň ýakyn geljekde amal ediljekdigi barada Awstriýanyň Federal Ýewropa we halkara gatnaşyklar ministrliginiň Trend-e beren maglumatlarynda aýdylýar.
Ministrlik: «Awstriýa deňiz kenarynda däl, ýöne deňiz işleriniň we tehnologiýalaryny döretmegiň örän baý taryhyna eýedir. Awstriýa portlar üçin enjamlary we tehnologiýalary hem öndürýär» - diýip beýan edýär. Çeşmäniň sözlerine görä, açyk ykdysadyýetli Awstriýanyň ähli görnüşli maýa goýumlaryny kabul etmek mümkinçiliginiň barlygy sebäpli, gruzin kompaniýalarynyň haýsy ugurlarda maýa goýmalydygyny kesgitlemeginiň galýandygy hem bellenilýär.
Şunuň bilen birlikde hem, Awstriýanyň bu ministrligi Gruziýanyň degişli ugurlardaky tejribesini göz öňünde tutup, gidroenergetika, infrastruktura, logistika we azyk önümlerini gaýtadan işlemek Gruziýa maýa goýmak isleýän Awstriýa kompaniýalary üçin hem aýratyn gyzyklanma döretjekdigini aýdýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Awstriýa bilen Gruziýa 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we 1996-njy ýylda Gruziýa Wenadaky ilçihanasyny açdy. Awstriýa Wenadaky rezident däl ilçiniň we Tbilisidäki hormatly konsullygyň üsti bilen Gruziýada wekilçilik edýär. Gruziýanyň hem Gratsda hormatly konsullygy bar.
Moskwa ulag-logistika pudagynyň iň uly çäresi bolan TransRussia 2026 sergisini kabul eder
2026-njy ýylyň 17–19-njy marty aralygynda Moskwadaky «Krokus Expo» sergi merkezinde ulag-logistika hyzmatlary, ammar enjamlar we tehnologiýalar boýunça 30-njy Halkara sergisi TransRussia 2026 geçiriler.
Starlink ulanyjylarynyň sany 7,6 milliona ýetdi we ol 150 ýurtda hyzmat edýär
SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starlink hemra internet ulgamynyň ulanyjylarynyň sany 7,6 milliona ýetdi we onuň hyzmat meýdany barha giňeýär. Häzirki wagtda bu hyzmat dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda, sebitlerinde we çäklerinde resmi taýdan elýeterlidir.
“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy
San-Fransiskoda däp bolan tanyşdyrylyş dabarasynda dünýä belli “Apple” kompaniýasy kabelsiz gulaklyklaryň, “akylly” sagatlaryň we “iPhone 17” smartfonlarynyň täzelenen görnüşlerini hödürledi.
Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw
Amerikada Ak Tamyň howandarlygynda geçirilýän emeli intellekt (AI) bilimi başlangyçlary çäginde iri kompaniýalar, jemgyýetçilik guramalary we bilim edaralary täze borçnamalaryny yglan etdiler. Maksat — K-12-den başlap kollež derejesine çenli AI sowatlylygyny giňeltmek, mugallymlary taýýarlamak we okuwçylara häzirki zaman gurallaryny elýeterli etmek. Bu işde Ak Tamyň AI Bilim boýunça topary bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygy möhüm orun eýeleýär.
Turkish Airlines Hytaýa gatnaw sanyny köpelder
Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasy Hytaýa uçuş maksatnamasyny giňeltmek kararyna geldi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Bilal Ekşi sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.