TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR
05-05-21
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak, erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy. Bu ýyl bolsa gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýi we Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.
Beýik ösüşleri maksat edinip, bedew bady bilen ýagty geljege sary barýan parahat Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda beýik özgertmeleri başdan geçirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary täze, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan derejelerde kämilleşdirildi. Aýratynam, soňky ýyllarda ähli pudaklary dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygynda dünýä ýüzünde beýik at-abraýa eýe bolýar. Aýratyn hem, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylygymyz häzirki günlerden meýilleşdirilýär.
Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen taryhy, edebi gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldildi. Milli mirasymyz — maddy we ruhy gymmatlyklarymyz öwrenilip, halkymyzyň baý geçmişi esasynda beýik ösüşlere ýetildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýeňillikler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täzeçe enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, döwlet edaralarynyň binalarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu işleriň ählisi halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen, şeýle-de ýaş nesliň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän işlerdir, biziň bagtly ýaşaýşymyzy üpjün edýän Garaşsyzlygyň bize beren miweleridir.
Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, bagtyýar zamanada, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Berkarar döwletde şanly seneleri uly dabara bilen bellemäge giň şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Ýurdumyzda ähli beýik işleriň başyny başlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Tylla HOJAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.