Berkarar döwletimiziň iň uly baýlygy
05-05-21
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi raýatlarymyza häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilik döretdi. Saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine çykýar. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak hem-de raýatlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar.
Diýarymyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary hem-de bejeriş-anyklaýyş merkezleri dünýä ülňülerine laýyk hyzmatlar bilen üpjün edilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan birnäçe halkara saglygy goraýyş merkezleri, welaýatlarda gurlan saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we olary öz wagtynda anyklamakda uly ýardam berýär.
Şol sebäpden ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy keseli bejermek däl-de, keseliň öňüni almak, keseli döredýän sebäplere täsir etmek netijesinde uly özgerişlere, üstünliklere ýetdi. Muňa mysal bolup, duzy ýodlaşdyrmak bilen adam bedenindäki ýod ýetmezçiligini aradan aýyrmak ýaly işler ýerine ýetirildi we dünýä derejesindäki güwänama eýe boldy. Munuň netijesinde döwletimizde ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselçiligiň çagalaryň boý we akyl taýdan ösüşiniň yza galmagynyň, galkan şekilli mäziň keselçiliginiň we ýod ýetmezçiligi zerarly döreýän dürli keselleriň öňüni almakda ilerlemeler gazanyldy. Ilatyň arasynda hökmany immunologik öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejeli ýola goýulmagy bilen keselçiligiň derejesi düýpli azaldy.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýurduň iň uly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak türkmen döwletiniň öňünde durýan iň möhüm wezipeleriň biridir» diýip belleýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip tanalýan Türkmenistan Diýarymyz sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli ädimler boýunça beýleki döwletlere görelde bolup durýar.
Saglygymyzy aýawly saklap, yzygiderli alada etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Atajan BAÝRAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.