Tebigatymyzyň abadançylygy ugrunda

12-01-26

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda ekologiýa syýasaty mynasyp orun tutýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenýär.

Baş maksat hökmünde jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda hemmetaraplaýyn durnukly ýaşyl ösüş konsepsiýasy çykyş edýär. Ösüşiň ekologiýa böleginiň esasy wezipeleri bolsa, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy ekologiýa ulgamlaryny, biologik we landşaft dürlüligini saklap galmak, ýerleriň ýaramazlaşmagyny mümkin bolan derejede peseltmek, ilaty tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly täsirlerinden goramagyň degerli ulgamyny döretmek, daşky gurşawyň hilini gowulandyrmak arkaly ekoulgamlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hojalyk işiniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny berjaý etmegiň ykdysady esasynyň höweslendiriji ulgamyny döretmek we ekologiýa auditi ulgamyny ösdürmek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip bellemegi ýurdumyzda tokaýlaryň köpeldilmeginiň ýaşaýşyň esasy serişdesi bolan howanyň arassa bolmagyny üpjün etmegiň, ykdysady ösüşiň, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm şertidigini aňladýar. Çünki daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň «gök guşagyny» giňeltmek baradaky işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, hususan-da, saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleriniň, derek agajynyň ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen, şeýle asylly işiň nesillerde halal zähmete söýgini pugtalandyrmakda hem wajyp ähmiýete eýedigini ündeýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlaryna laýyklykda, her ýylda gök zolaklary döretmegiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň millionlarça düýp nahaly oturdylýar.

Ýurdumyzda howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde örän giň mümkinçilikleriň açylýandygyny ynamly aýtmak bolar. Şu jähetden, döwletimiziň gazanýan üstünliklerine, döredilýän giň mümkinçiliklere buýsanyp, ekologiýa taýdan abadan durmuşyň möhüm talaplaryny gündelik berjaý etmek, raýdaşlyk jogapkärçiligini duýmak her birimiziň borjumyza, aýrylmaz endigimize öwrülmelidir.

Tebigatyň baýlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we olardan aýawly peýdalanmak çygrynda milli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan ekologiýa abadançylygy babatda öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär.

Umuman, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir. Türkmenistan öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda döwrebap we kämil ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde we ösdürmekde alyp barýan işleri ýaş nesilde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny has-da artdyrýar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Orazbagt NURYLLAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.