PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DIÝARY
07-05-21
Parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary amala aşyrýan baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Biz muny şany-şöhraty, rysgal-bereketi bilen bagtyýar halkymyzyň kalplarynda orun alýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şowly ýyllarymyzda has aýdyň görýäris.
Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan şanly 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz» türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşmegi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, demokratik başlangyçlaryň ösdürilmegi, halkymyzyň maddy, ruhy-medeni, taryhy mirasynyň we däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Bu günki gün parahatçylyk hem dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk adalgalary hemişelik Bitaraplygymyz bilen bir bütewilige öwrüldi. Çünki türkmen Bitaraplygynyň özeninde halkymyzyň asyrlarboýy özüne nusga edinip gelen beýik ýörelgeleri ýatandyr. Halkymyz sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwürlerde saklapdyr. Şonuň üçin biziň ilimizde kiçijik çagadan başlap, ýaşulylara çenli hemmeler «Myhman ataňdan uly» diýen nakyly bilýär we oňa eýerýär.
Aýanlyk, hyzmatdaşlyk etmäge hoşmeýillik, täze zatlary özüne ornaşdyrmaga ymtylyş, parahatçylyk söýüjilik, daşary ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, meseleler çözülende sabyr-takatlylyk, özgeleriň pikirine sarpa goýmak – bularyň ählisi türkmeniň milli gylyk-häsiýetleriniň esasy alamatlarydyr. Müňýyllyklaryň taryhy tejribesi türkmenlere hoşniýetli gatnaşyklary saklamagy öwretdi. Bu mysallar halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň bütin adamzada nusgalykdygyna şaýatlyk etse, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bu ýörelgeleriň dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanylmagy ynsanperwer syýasatyň adamzadyň geljegi bilen berk baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň alyp barýan ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli belent başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Maksat IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.