Merjen şäherim, Aşgabadym!

21-05-25

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylyň her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenip gelýär. 25-nji maýda Watanymyzyň mermerli paýtagty Aşgabadyň günini giňden baýram etmäge taýýarlyk görülýär. Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir.

Aşgabat - aşyklaryň şäheri ýagny, ady “aşk” we “abat” sözlerinden gelip çykyp, pars dilinden terjime edilende “söýgi şäheri” ýa-da “aşyklaryň şäheri” manyny berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan,  kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz – berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan merkezidir. Şu nukdaýnazardan alnanda Aşgabadyň halkara ähmiýeti örän uludyr. Şäher ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm halkara syýasy gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesinde wajyp meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maslahatlar hem geçirilýär.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gur­mak, dö­ret­mek sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän döw­re­bap bin­alar gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri bo­lan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bol­sa, tä­sin şä­her ­gur­lu­şyk keş­bi­ne eýe bol­ýar. Mil­li bi­na­gär­lik sun­ga­ty bi­len ut­ga­şyp gid­ýän des­ga­lar dün­ýä­niň bi­na­gär­lik gym­mat­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak mermerli paýtagtymyzyň baýramynyň uludan toýlanyljakdygy şatlygymyza şatlyk, buýsanjymyza buýsanç goşýar. Aşgabady dünýäniň iň owadan, nusgalyk şäherine öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.