WATANYMYZYŇ SÜŇŇI HALAL, DOGRUÇYL, AGZYBIR ÝAŞLARY
14-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.
Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň oňat okap bilim almaklary, hünäre ugrukmaklary, döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagy, milli mirasa, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna hormat goýýan nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillerimizde Watana, zähmete söýgini artdyrmak, olaryň maksada okgunly, belent ahlak ruhunda terbiýelenmegini gazanmak babatdaky gelip çykýan wezipeler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýaşlarymyzyň hünär endiklerini ösdürmegiň, olaryň zehin-başarnygyny ýüze çykarmagyň irki ýetginjeklik döwründen başlanylmalydygy barada şeýle belläp geçýär: «Ýaşlarda özbaşdaklyk endiklerini ýuwaş-ýuwaşdan kemala getirmeli. Eýýäm ýetginjeklik ýaşynda olar ulularyň durmuşyna girişýärler. Şonda hem hünäre bolan höwes has aýdyň ýüze çykýar. Eýýäm mekdep döwürlerinde dürli hünärlere ukyply ýaşlar kemala gelýärler». Şundan görnüşi ýaly, dürli ulgamlarda zähmet çekýän, gulluk edýän, okap bilim alýan ýaşlaryň hünär başlangyçlaryny, zehin-başarnyklaryny, ruhy we maddy isleglerini höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda aýdyň beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini doly amal etmegine ýardam edýän mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.
Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
Dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek, ýaşlaryň öz zehin-başarnygyna görä hünäre ugrukmagyny gazanmak, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça amal edilmeli işler degişli resminamanyň özenini özünde jemleýär. Maksatnamada nygtalýan esasy ugurlaryň biri hem ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň sanly giňişlige uýgunlaşmagyny kämilleşdirmek bolup durýar. Ylym-bilimiň täze gazananlaryna kämil derejede erk edip bilýän ýaşlary ylmy gözleglere höweslendirmek, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak boýunça işler oňyn miwesini berýär.
Ýaşlar özlerine bildirilýän şeýle ýokary derejedäki ynamy ödemegi, döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy, Watanymyza, halkymyza wepaly bolup ýetişip, döwletimiziň ösüşli menzillerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýärler. Türkmen ýaşlaryna okamaga we öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Ýaşlaryň bagtyýar geljegine, röwşen ertirlerine aýdyň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Jennet ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.