Arkadag şäheri — döwrüň döwrebap şäheri
28-05-23

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň baharynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Gökdepe etrabynyň mukaddes topragynda Arkadag şäheriniň gurluşygyna badalga berildi. Gysga wagtda şäher gurluşyk işiniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, milli hem-de iň oňat dünýä tejribesi ulanylyp, ajaýyp şäher emele geldi.
Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlasynyň, ägirt uly tagallasynyň, gurluşyk we binagärlik babatda ýiti zehininiň, pähim-paýhasynyň, şäher gurluşyk işinde toplan baý tejribesiniň esasynda emele gelen bu döwrebap şäher häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Merkeziň çäginde akylly şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy we ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar.
Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
Mähriban topragymyz – biziň namysymyz, arymyz, dünýe malymyz hem barymyz. Ata Watan, ene toprak biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr. Altyndan arzyly, zerden zyýada bu jümleler tutuş adamzat üçin ýaşaýşyň şamçyragydyr. Watan, toprak ýaly mukaddesliklere düşünmegiň, oňa sarpa goýmagyň halkymyz üçin ýörelgeli ýoldugyny nesillere wesýet etmekde Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi biz üçin terbiýe mekdebidir. Bu topraga ata-babalarymyzyň ruhy, ene-mamalarymyzyň hüwdüsi siňendir. Gadymyýetden şu güne çenli milliligi kalbyna ýugrulan halkymyzda Watan hem toprak düşünjeleri mukaddeslik hasaplanyp gelipdir. Bu ýerler türkmen diýen beýik milletiň döwlet tapyp, dünýä ýol salan ýerleridir. Bu ýerler şöhratly ata-babalarymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleriniň wysal tapan ýerleridir!
Ýaşaýyş medeniýetimiziň özgerişi, zamananyň iň uly mümkinçilikleriniň biziň halkymyz üçinem elýeterliligi bilen baglanyşykly döreýän «akylly» şäher muňa örän aýdyň mysaldyr. «Akylly» şäher ýa-da «smart siti» konsepsiýasy öňdebaryjy kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we ýokary tizlikli internetiň utgaşdyrylmagyna esaslanýar, şunuň üsti bilen şäher düzümlerini, gulluklaryny takyk dolandyrmagy üpjün edýän bir bitewi ekoulgam ilatyň hyzmatyna berilýär.
Ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi: elektrobuslar, elektromobiller... «Akylly» awtoduralgalar... Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy... Häzirki zaman sanly hyzmatlar... Zir-zibiller üçin «akylly» gaplar... Maşgalalar üçin smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly» ýaşaýyş jaýlary...
Çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleri, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, beýleki hyzmat edaralary... Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Ylmy-önümçilik merkezi... Metjit... Dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary... Nurana köçeler, şaýollar... Bularyň ählisi döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder.
Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir, ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir. Arkadag şäheri — döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr. Şu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, Ahal welaýatynyň ilatyny we bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda gijesini gündiz edip zähmet çekýän, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Döwlet ANNYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.