Ady aýdyma öwrülen, Aşgabat!
14-05-23
Taryhda «Aşyklaryň şäheri», «Yşkyň şäheri» diýlip tanalan Aşgabat şäheri gözelligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň nusgasy bolupdy. Paýtagtymyzyň bu günki ajaýyp keşbi bolsa parahatçylygyň, aklygyň, ösüşlere tarap galkynmagyň nyşanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda birek-birege dostluk gollaryny uzadan ýurtlaryň parahatçylyk hakynda söhbetleşýän, parahatçylyk hem ynanyşmak atly beýik ýörelgeleriň güzer edinen ýerine öwrüldi.
Islendik ýurda baranyňda ilki bilen şol ýurduň binalarynda gözüň eglenýär. Şolara seredip, ýurduň ýüzüni, ösüşlerini görýärsiň. Biziň mermer şäherimiz babatynda hem şeýle. Ak bagta meňzeş binalar ýurdumyzyň ajaýyp ösüşleri barada sözsüz söhbet açýar. Aşgabat – ýurdumyzyň ýüregi, kalbymyzyň bezegi. Şahyr aýtmyşlaýyn “Arkadagyň sungat eseri” bolan Aşgabat şäheri gün-günden özgerýär. Sazlaşykly gözellige beslenip, sebitde iň owadan merjen şähere öwrülýär.
Sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyzda bina edilen Maslahatlar köşgi, Konstitusiýa binasy, Metbugat öýi toplumy, Halkara howa menzili, “Ak şäherim Aşgabat” binasy, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähi, “Arçabil” seýilgäh toplumy, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy ýaly ajaýyp desgalaryň sanyny näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Beýik binalar ýaşyl baglardyr gyrmyzy güllere beslenip, paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýar. Bina gursa toý niýetleýän türkmen halky bagtyýar zamanamyzyň her bir baýramçylygynda täze binalaryň açylyş dabarasynyň şaýady bolýar.
Aşgabat şäheri – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik taryhly döwletiň özeni. Hormatly Prezidentimiz Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheri iň owadan, nusgalyk şäherleriň birine öwürmek barada uly aladalar edýär. Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk-binagärlik işlerini gözegçilikde saklaýar, paýtagtymyz boýunça gurulýan desgalara yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, degerli maslahatlary berip durýar.
Paýtagtymyzda dürli ýyllarda bina edilen desgalar, köçelerimizi, seýilgählerimizi bezeýän heýkellerdir monumentler halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyndan, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinden habar berýär. Biz bu gün – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan atly beýik ýurtda ýaşaýarys. Bize jennet kybap şeýle zamanany bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Eziz MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.