Beýik döwrüň binagärlik sungaty ― Arkadag şäheri
14-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählitaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň taryhy karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we ony «Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi halkymyzyň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.
Täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegi we onuň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagy tamamlanyp barýan ýylymyzyň iň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Çünki binagärligiň milli we häzirkizaman tejribelerini özünde jemleýän bu şäheriň Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň yhlasly tagallasy, döwletli tutumy we aýratyn gözegçiligi bilen kemala gelýändigine hemmämiz şaýat. Şäheriň çägindäki medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalarda häzirkizamanyň iň ösen talaplarynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmagyň Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan hem görnüşi ýaly, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň, «akylly» öý ulgamlarynyň, ýokary tizlikli internetiň, IP telewideniýäniň onlaýn hyzmatlary ýola goýlar.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulýan binalaryň, medeni we bilim edaralarynyň birnäçesine halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň adynyň dakylmagy ýurdumyzda zähmet adamsynyň mertebesiniň elmydama belentde tutulýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, abraý-mertebesiniň beýgelmegi ugrunda uly işleri bitiren ildeşlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilmegi biziň her birimiziň ýüregimizde ýakym, ýalkym döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň keşbi hökmünde kemala gelýän bu ajaýyp şäheriň öz aýratynlyklary we giň mümkinçilikleri bilen tutuş dünýäde şöhratlanjakdygyna berk ynanýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda Ahal ýaýlasynda sebitde ilkinji «akylly» şäher kemala gelýär. Häzirki günlerde onuň birinji nobatdaky desgalarynyň gurluşyklary tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklaryna girişilmegi hem ýatdan çykmajak wakalara beslendi.
Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çäksiz sagbolsun aýdýarys! Bize işlemäge, döretmäge, ýaşamaga döredip berýän şeýle giň gerimli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygymyzyň çägi ýokdur. Türkmen halkyna deňsiz-taýsyz ajaýyplyklara beslenen “Arkadag şäherini” peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Eziz ISAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.