GOŞA MUKADDESLIGIŇ BAÝRAMY
15-05-26
Ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda watandaşlarymyzyň syýasy, jemgyýetçilik-ykdysady, şahsy hukuklary kanuny esasda berkidilýär. Hut şonuň üçin-de Döwlet baýdagymyz bilen döwletliligiň esasy ýörelgesi hem-de alamaty bolan Baş Kanunymyzyň kabul edilen günüň baýramynyň bir günde bellenilmegi-de uly many-mazmuna eýedir.
Konstitusiýa döwlet Garaşsyzlygynyň jarnamasy, raýat bagtyýarlygynyň ykrarnamasy bolup çykyş edýän esasy kanundyr. Konstitusiýa döwletiň hukuk esaslaryny düzüp, onda ýurduň içeri we daşary syýasatynyň özeni, mazmuny jemlenendir. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge Baş Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Biziň Konstitusiýamyz adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny doly üpjün edip, ynsan mertebesini belende göterýär.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy we ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň we jemgyýetiň ýeten derejelerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, Esasy Kanuna iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyz diňe bir mazmun däl, eýsem, gurluş taýdan hem kämilleşdirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň geljegini üpjün etmekde berk binýat bolup durýar. Kanunçylyk hukuk binýadynyň berk bolmagy, halkyň döwlet Tugumyza buýsanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar we azatlyklar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr.
Ýaşyl Baýdagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mukaddeslik we täze beýiklik derejesine göterilip, köňlümize buýsanç, kalbymyza mähir çaýýar. Ýaşyl Baýdagymyzda ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, agzybirlik ýaly milli aýratynlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapandyr. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, asudalygymyz, erkinligimiz ýaly milli alamatlarymyz jemlenendir. Hut şu aýratynlyklary we alamatlary özünde jemleýändigi üçin-de döwlet Baýdagymyz biziň her birimiz üçin gymmatlydyr, mukaddesdir.
Döwlet Baýdagymyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ýöredýän ynsanperwerlik, parahatçylyk, asudalyk ýörelgelerini bütin dünýä wagyz edýär. Döwlet Baýdagymyz dünýäde parahatçylygy goraýjy we ýaýradyjy hökmünde tanalýan türkmen döwletiniň berkararlyk ýörelgelerini dünýä ýaýýar, goja Zeminiň halklaryny dostluga, doganlyga, agzybirlige çagyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşyl Tugy bilen dünýä tanalan türkmen döwleti Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürüp, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen dostlukly, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.
Goý, bagtyýarlygyň, abadançylygyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň güwäsi bolup, asuda asmanymyzda baky parlasyn! Halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Atajan MUHAMMEDOW,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň Derňew bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.