OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY
23-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uly täsirini ýetirýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, olary öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmaga itergi berýär. Arkadagly Serdarymyz ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümçilik birleşiklerinde bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek barada Konsepsiýa kabul edildi. Häzirki wagtda telematik sanly ulgam bilen doly üpjün edilen döwrebap tehnikalar tapgyrlaýyn getirilip önümçilige ornaşdyrylýar.
Sanly telematik ulgamy dolandyrmak maksady bilen, zerur hünärmenler bilen yzygiderli üpjün etmek gaýragoýulmasyz meseleleriň birine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzda simsiz aragatnaşygyň hem-de nawigasiýanyň hemra ulgamynyň ösdürilmegi telemetrik ulgamlar arkaly takyk, sanly ekerançylyga geçirilýän oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam eder.
Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda köp ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, «John Deere» şereketi iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysalyny görkezdi. Döwrebaplaşdyrylan «John Deere» tehnikalary innowasiýa esasynda ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna yzygiderli ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady bolup durýar hem-de bu pudagyň bar bolan kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini pugtalandyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Guwanç SAPARMADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurlusygy we kadastrlar taýýalyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.