Aşgabat - Aziýanyň merjen şäheri
23-05-23
25-nji maýda bagtyýar halkymyzyň «Aziýanyň dür Merjeni», «Dost-doganlyk merkezi» diýip wasp edýän ak şäherimiz Aşgabadyň güni giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly pähim-paýhasy, binagärlik sungaty bilen ähli babatda dünýäde ak şäher hökmünde adygan gözel paýtagtymyz aýdymlaryň gözbaşy, sazlara sözbaşy, nepislige naýbaşy bolup kalbymyza ylham, ýüreklerimize joşgun berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, onda adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertler döredilýär. Merjen şäherimiz Aşgabat eziz Watanymyzyň ýüregi hasaplanylýar. Çünki ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, il-ýurt bähbitli möhüm özgertmelere dahylly döwletli çözgütler ajaýyp paýtagtymyzda gözbaş alýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda şanly baýramçylygy giňden bellenilýän paýtagtymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda tanalmaz derejede özgerdi, täze binagärlik keşbine eýe bolup, ösen şäherleriň hataryna goşuldy.
Gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ençeme gezek girizilmegi hemmämizi buýsandyrýar. Aşgabat ilatyň jan başyna suw çüwdürimleriniň iň köp möçberiniň jemlenen paýtagty hökmünde bu kitaba nobatdaky gezek girmäge hemme esaslara eýedir. Onuň «Oguz han» suw çüwdürimleri — heýkeller toplumy jemgyýetçilik ýerlerinde suw çüwdürimleriniň iň köp jemlenen ýeri hökmünde bu neşire girdi.
Ýylyň hemme döwürlerinde we gije-gündizlerde suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň owadan görnüşleriniň gymmatly bezeg aýratynlyklary bolup hyzmat edýär, ýöne has-da agşamlaryna, haçan-da, olaryň çüwdürilýän akymlary yşyklandyrmalaryň şöhlelerinde älemgoşaryň ähli reňklerinde öwşün atanda, göýä haýran galdyryjy genji Hazyna öwrülýär. Olar seýilgähler, tebigy gözellikler bilen birlikde, hakyky şäher gurşawyny, jemgyýetçilik giňişligine çeper mazmun bermek sungatyny emele getirýär.
Aşgabadymyzy Aziýanyň merjen şäherine öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Baýsähet ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.