ARKADAGLY SERDARYMYZYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTLY ÝAŞLAR
03-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň edepli-terbiýeli, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp orny bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy biziň jemgyýetimiziň düýpli täzelenişiniň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyçlarynda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan söýgini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Galkynyşly döwrümiziň mynasyp neslini kemala getirmekde ata-babalarymyzdan miras galan ýörelge dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu wajyp meselä iňňän uly ähmiýet berip, täze eýýamymyzyň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri öňde goýýar. Şu günüň şol wajyp wezipeleri bolsa abadan geljegimiziň wezipeleridir. Bilim ulgamyny ösdürmekde, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, ony dünýä derejesine ýetirmekde bitirilýän işleriň oňyn täsiri gündelik durmuşda-da duýulýar. Ýokary okuw mekdebimiziň tejribeli mugallymlary geljekki biz ýaş hünärmenleriň ýokary taýýarlykly bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas-tagalla edýärler. Sanly bilim ulgamynyň netijeli mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berip, hünär öwredilmeginde ýokary görkezijileriň gazanylmagyna ýol açýar.
Aslynda, ýaş nesil hakda edilýän şu günki alada bagtyýar ertirimiziň aladasydyr. Munuň özi mugallymyň päk zähmetiniň datly miwesiniň abadan geljegimiziň bilimli, edep-terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlarynyň kemala gelmeginde jemlenýändigini aňladýar. Has anygyny aýtsak, abadan ertirimiziň aladasy şu günden başlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly işlerde ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, olaryň hünärli adamlar bolup ýetişmekleri bilen bagly bimöçber işler döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Şeýle hem bilim ulgamynyň günsaýyn belent derejä ýetmegi ýaş nesilleriň höwesli, kämil derejede bilim almagyna uly ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde bilim işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler. Ajap eýýamymyzyň mynasyp kämil hünärmenlerini kemala getirmäge goşantly bolmak guwandyrýar. Şol bir wagtda bu wezipäniň jogapkärçiligi has döredijilikli zähmet çekmäge borçly edýär.
Ýaşlar milli Arkadagly Serdarymyzyň döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda öňümizde goýýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge işjeň gatnaşyp, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna ak ýürekden, öndürijilikli halal zähmet çekmekde mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmazlar.
Bu gün ösüşdir özgerişler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda biz ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerimizi aýdýarys! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.