“Türkmenhowaýollary” agentliginde bäsleşik geçirildi!
15-05-21
Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ykdysady-maliýe görkezijilerini ýokarlandyrmakda ylymly-bilimli, başarnykly hünärmenleri seçip-saýlap almakda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynyň talyp ýaşlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, talyp ýaşlary gatnaşyp Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň girdejilerini artdyrmak maksady bilen, goşmaça hyzmatlary girizmek baradaky öz tekliplerini hödürlediler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutymyzyň Ulaglar fakultetiniň “Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şöhrat Joradurdyýew aýratyn tapawutlanyp “Türkmenhowaýollary” agentliginiň baýrakly ornyna mynasyp boldy.
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.