“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” – ÝÜREKLERIŇ YLHAM ÇEŞMESI
15-05-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene-de bir güni şatlykly waka beslenip geldi. Türkmenistan döwletimiziň merjen paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan baýramçylyk sowgady - neşir edilen “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Täze eseriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal meşhur kitaplarynyň hataryny artdyrandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.
Täze kitaby eliňe alan dessiňe, onuň sahypalaryny agdaryp, paýtagtymyzyň gözel görnüşlerini synlap, ony okamak, kitap bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döreýär. Täze kitabyň ajaýyp mazmuny, bezelişi, çaphana işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegi onuň täsirliligini artdyrýar. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we hyzmatlar ulgamy soňky ýyllarda has özgerdi. Şularyň ählisi hem ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň kitabyň başynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenmegi nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär.
Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Okyja özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary, iň täze awtobanlary synlamaga mümkinçilik berilýär. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda guruldy. Çünki Aşgabat ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly şertleri babatda hem, hili babatda hem Ýewropanyň iň döwrebap paýtagtlaryndan pesde durmaly däldir we pesde durýan däldir, hemme babatda nusgalyk şäher bolmalydyr. Ol medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça ösüş merkezidir. Täze kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Kitaby okan okyjy häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler bilen tanyş bolýar.
Umuman aýdylanda, owadan paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen medeni-durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylyp, şol işlere uly maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr. “Ak şäherim Aşgabat” kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň halkymyza ajaýyp peşgeşidir.
Kasym RÜSTEMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.