IKI MUKADDESLIK
14-05-23
                Mukaddeslikler birleşende ýurduň binýady pugtalanýar, beýik maksatly işler has-da dabaralanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – ýurduň özbaşdaklygyny, özygtyýarlygyny, asudalygyny, halkyň agzybirligini, jebisligini, binýadynyň berkligini, mizemezligini aňladýan mukaddes resmi nyşandyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa, halkyň agzybirliginiň, erkinliginiň, milli garaýşynyň we ruhy gymmatlygynyň mizemez girewidir. Garaz, bu goşa mukaddeslik bir bitewi jandyr, göwredir.
Ol mukaddeslikler halkymyzyň şöhratly taryhydyr, buýsançly şu günüdir, bagtyýar ertiridir. Çünki, bu günki gün ýurdumyzda goşa baýram – goşa toý hökmünde toýlaryny uludan tutýan mukaddesliklerimize halkymyzyň ar-namysy, lebiz-ygrary, Watana, türkmen topragyna söýgüsi, beýik işlere rowaçlygy, gahryman peder ruhlaryna belent sarpasy siňendir. Bütin halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ýaşyl Baýdagymyz hem mundan 31 ýyl öň Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi terbiýeleýän döwlet nyşanlarynyň biri hökmünde belentde pasyrdady.
Aslynda türkmen Tuguny ar-namysyny goraýşy dek gorapdyr. Oguz han Türkmen döwründe-de Tugy götermek, alyp gitmek gabat gelen, adama ynanylmandyr. Tug götermek uly dereje bolansoň, ol gaýratly, edermen, abraýly adamlara ynanylypdyr. Söweşlerde Tug hemmeleriň gözüniň alnynda pasyrdapdyr. Tuguň pasyrdysy goşunyň ruhuna aýratyn täsirini ýetiripdir. Bu günki gün ýalkymy dünýä düşýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň synmaz nyşanyna öwrülen ýaşyl Tugumyz bilen baglanyşykly taryhy çeşmelerde öz mynasyp ornuny tapan şu günler hem Baýdagymyzyň hemişe eý görlüp gelnendigine şaýatlyk edýär.
Ir wagtlarda bir serkerdebaşy öz goşunyndaky baýdak göteriji esgerini ýanyna çagyryp: «Sen indi garradyň, goşuna eýermersiň, öňümizde bolsa uly söweşler ýatyr. Baýdagy indi başga birine ynanaýsak nähili bolar?!» diýip, oňa ýüzlenipdir. Onda esger serkerdebaşysyna garap: «Ýok, meniň ellerimi baýdak götermekden mahrum etme! Indi garrylyk hem ýetişip gelýär. Ýöne, ýaşymyň soňunda onuň abraýyny alaýyn. Men onuň bilen soňky damja ganyma çenli duşmanlara garşy söweşesim, onuň astynda ýeňşe ýetesim gelýär!» – diýipdir. Serkerdebaşy şonda oňa minnetdarlyk terzde baş atyp: «Söweşde siziň ýaly mert, goç ýigitlerimiz, ynamdar adamlarymyz arkamda dag ýaly il-günüm bolsa şu baýdagymyz bize diňe üstünlik, ýeňiş getirer!» – diýipdir.
Halkymyzy şu eşretli döwre-döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet Baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, şatlygymyza şatlyk, ruhumyza ruh goşýan, täze galkynyşlara, beýik ýeňişlere galkyndyrýan egsilmez ruhy güýçdür» diýip buýsanç bilen aýdýan sözlerinde bolsa, bu günki gün ýalkymy dünýä düşüp, Ýer ýüzüne nur saçýan ýaşyl Tugumyza bolan uly buýsanç, çäksiz söýgi bar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!A
Altyngözel ÇOPANOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.