Ýaşlar bilen ýagty ertirlere ynamly barýarys
14-05-23
                Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bolsa 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy.
Aslynda, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly hukuk resminamasyny rejelemek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy näme esasynda ýüze çykdy?! Bu Kanun, adyndan hem belli bolşy ýaly, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň ençemesi kabul edildi. Türkmenistandaky durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça toplumlaýyn maksatnama amala aşyryldy. Ähli ugurdaky oňyn özgertmeler, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, giň möçberli taslamalar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işleriniň netijesidir.
Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady iň gowy milli däpleri hem-de döwrebap meýillere açyklygy özünde jemlemek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini we Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini nazara alýar. Şonuň üçin milli kanunçylyk namalaryny ykdysadyýetimizde, jemgyýetimizde amala aşyrylýan özgertmelere laýyk getirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bu özgertmeler, şol sanda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär, diňe ýaşlaryň däl, eýsem, ähli ýaşdaky raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur şertleri kepillendirýär.Munuň özi şu günki günüň ýaş nesillerine bildirilýän belent ynamdyr. Ynam bolsa adama örän uly ruhy güýç berýär. Ol mukaddesdir hem-de hökman ödelmelidir. Bildirilýän belent ynamy ödemek biz — ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz biziň üçin görüm-görelde, nusgalyk mekdepdir.
Men özümi şu ajaýyp döwrüň, berkarar döwletiň iň bagtly ýaşlarynyň biri hasaplaýaryn. Biziň ýurdumyzda arzuw etseň we oňa ýetmek üçin yhlasly zähmet çekseň, maksadyň hökman myrat tapýar. Bu hakykata her birimiz hem öz durmuşymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Döredilýän giň mümkinçilikler biz — ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Bize uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys!
Çemen GULJANOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.