Ösüşlerde ýaşlaryň bady bar!
14-05-23
Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Egsilmez eşretleriň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz täze ýyly ýagşy umytlardyr, ak arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň aňrysynda hem uly many bar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň nyşanynyň bezeginiň, galyberse-de, ondaky ýerleşdirilen dürli reňkleriň aýratyn manysynyň bardygyny bellemek zerurdyr. Ol tegelek zemin şekilinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi alamatlandyrylandyr. Bu şöhle älem jahana we Garaşsyzlygyna guwanyp, hemişelik Bitaraplygyna buýsanyp ýaşaýan halkymyzyň mährem ojagy — Türkmenistan ýurdumyzyň kartasyna ýalkym saçýandygyny aňladýar. Bahar paslynyň ýaşyllygyna kybapdaş reňk ösüşi, özgerişi suratlandyryp, ol halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasyny şöhlelendirýär. Kartanyň ýokarsynda ýerleşdirilen guşuň keşbi bilen ýaşajyk pyntyjak ýurdumyzy öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysalydyr. Gyzyl, ýaşyl, sary, benewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gülýapraklarynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol türkmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär. Nyşanyň aşagyndaky 2023 diýen ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalar 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan filosofiýasyny, ýol-ýörelgesini görkezýär, bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde eziz ata-Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän işleri, raýatlarymyzyň eşretli durmuşlaryny göreniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň mala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.Ýaşlar-biziň bagtyýar geljegimiz we ertirimiz. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlar barada örän uly alada edilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir.
Döwlet Baştutanymyzyň ynamyny ödemek bilen ata Watanymyzyň ygtybarly ösüşine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Ine, onsoň arzyly menzilde biz — ýaşlara ýurt derejesindäki bildirilen ynamdyr umytlary artykmajy bilen ödedigimiz bolar. Çünki ynam, umyt, jogapkärçilik... diňe mynasyp ynsanlaryň egnindedir! Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnahal GAIPOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.