Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi

21-05-21

Gülläp ösýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.

Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu şygar türkmen halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, birek-birege hemaýat etmek, arkalaşmak, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgeleriniň beýany bolmak bilen belent maksatlaryň, asylly işleriň mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy, baky Bitarap Türkmenistanyň öňe sürmegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň miwesi bolup durýar.

Biziň hemişelik Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar. Aslynda parahatçylyk düşünjesi zandy halal halkymyzyň milli häsiýetiniň özeninde, durmuş ýörelgeleriniň düýp manysynda öz beýanyny tapýar. Bu milli aýratynlyk hem halkymyza owal-ahyr birek-birek bilen özara düşünişip, Ýer ýüzüniň ähli döwletleri parahatçylykly ýaşamak baradaky taglymatyny ýörgünli häsiýetde durmuşa geçirmegine uly esas bolup gelýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi türkmen jemgyýetiniň we halkynyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesiniň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda, üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistan üçin parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün etmekde möhüm ädimlerdir.

Parahatçylyk ýörelgeleri esasynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň, iri maksatly başlangyçlarynyň rowaçlanmagynda ykballaryň göterilýän, arzuwlaryň hasyl bolýan bagtly, bagtyýar ýylyna öwrüler.

Ruslan NAZAROW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.