Berkarar döwletiň binagärlik sungaty
16-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählitaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň taryhy Karary bilen täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we ony «Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi halkymyzyň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.
Täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegi we onuň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagy tamamlanyp ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Çünki binagärligiň milli we häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän bu şäheriň Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň yhlasly tagallasy, döwletli tutumy we aýratyn gözegçiligi bilen kemala gelýändigine hemmämiz şaýat. Şäheriň çägindäki medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalarda häzirkizamanyň iň ösen talaplarynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmagyň Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan hem görnüşi ýaly, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň, «akylly» öý ulgamlarynyň, ýokary tizlikli internetiň, IP telewideniýäniň onlaýn hyzmatlary ýola goýlar.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulýan binalaryň, medeni we bilim edaralarynyň birnäçesine halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň adynyň dakylmagy ýurdumyzda zähmet adamsynyň mertebesiniň elmydama belentde tutulýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, abraý-mertebesiniň beýgelmegi ugrunda uly işleri bitiren ildeşlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilmegi biziň her birimiziň ýüregimizde ýakym, ýalkym döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň keşbi hökmünde kemala gelýän bu ajaýyp şäheriň öz aýratynlyklary we giň mümkinçilikleri bilen tutuş dünýäde şöhratlanjakdygyna berk ynanýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda Ahal ýaýlasynda sebitde ilkinji «akylly» şäher kemala gelýär. Häzirki günlerde onuň birinji nobatdaky desgalarynyň gurluşyklary tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklaryna girişilmegi hem ýatdan çykmajak wakalara beslendi.
Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çäksiz sagbolsun aýdýarys! Bize işlemäge, döretmäge, ýaşamaga döredip berýän şeýle giň gerimli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygymyzyň çägi ýokdur. Türkmen halkyna deňsiz-taýsyz ajaýyplyklara beslenen “Arkadag şäherini” peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Agamyrat ATAKULYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.