Aýdymlaryň senasy sen, Aşgabat !

15-05-23

Hormatly Prezidentimiz  baştutanlygynda ýetip gelýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçirilýär, Aşgabat hakynda täze aýdymlar döredilýär. Gün-günden owadanlygyň beýik nusgasyna öwrülýän paýtagtymyz bu günki gün dünýä nusgalyk şäher hökmünde giňden tanalýar. Islendik ýurduň paýtagty şol döwletiň ýüzi hasaplanýar.

Ak mermerli binalary jennetiň hüýri-melegini ýatladýan paýtagtymyz gün-günden gözelligiň täsin nusgalaryna bezenýär. Gurulýan beýik ymaratlardyr ýaşaýyş jaýlary, seýilgählerdir bezemen köçeler, ýadygärliklerdir monumentler paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Ýurdumyzda toýlanýan toý-baýramlarda, belli senelerde täze binalary açmaklyk indi asylly däbe öwrülip gitdi.

Ýurduň baş şäheriniň ösüşi tutuş döwletiň ösüşiniň we özgerişiniň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şäher gurluşyk we binagärlik syýasaty netijesinde Aşgabat şäherimiz özüniň milli binagärlik keşbi bilen dünýäni haýrana goýýar.

Paýtagtymyz ençeme aýratynlyklary, binalary bilen Ginnesiň Rekordlar kitabynda hem 11 gezek orun alandyr. Iň beýik baýdak sütüni (133 m), iň uly sazlaşykly suw çüwdürimler toplumy (27 sany sinhronizlenen çüwdürim), “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk göwrümli syn ediş çarhy, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyk aýratynlygyna girýän Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzy – ýyldyzyň iň uly binagärlik şekili hökmünde, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň iň uly şekili (750 inedördül metr), Aşgabadyň Olimpiýa stadiony münberindäki ahalteke bedewiniň dünýädäki iň uly çeperçilik keşbi hökmünde hem-de sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi – dünýäde iň uşy suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde bu kitabyň sanawyna girizilendir.

Aşgabat şäheri dost-doganlygyň, halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň mekanyna öwrüldi. Täzelenen we barha gözelleşýän Aşgabat bu gün özüniň binagärlik bezegi, dabaraly keşbi, rahatlygy, häzirki zamanyň we Gündogaryň binagärlik äheňlerini özünde jemleýän özboluşly sazlaşygy bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyz Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezidir. Aşgabadyň 141 ýyly döwrüniň içinde agzybir halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolup, gurmaga hem döretmäge bolan isleginiň artandygynyň, milli döwletliligiň ajaýyp miwesiniň hözirini görüp ýaşaýandygynyň, täze eýýama beýik üstünlikler bilen ýetendiginiň nyşanydyr.

Umuman, paýtagtymyzyň täze zamanabap keşbi onda amala aşyrylýan beýik işler bilen utgaşýar. Bu bolsa geljekde Aşgabadyň halklaryň we ýurtlaryň nusgalyk şäherine öwrüljekdigine şaýatlyk edýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem gözel paýtagtymyz Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Oguljennet BABAHANOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.