Täze eýýamyň döwrebap şäheri

16-05-23

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherleri we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Arkadag şäheri» adyny alan täze merkez şähergurluşyk maksatnamasynyň täze sepgitlere ýetýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu ýerde gurluşyklaryň birinji tapgyrynda jemi 336 sany desganyň, şol sanda häkimligiň edara binasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň, Baýdak sütüniniň, «Arkadag» monumentiniň, Arkadag atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet köşgüniň, kitaphananyň, Bagt köşgüniň, drama teatrynyň, muzeýiň, şäher derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň, banklaryň edara binalarynyň we beýleki möhüm desgalaryň jemlenmegi-de bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda, Arkadag şäheriniň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, köňül buýsanjyny has-da artdyrdy.

Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylyp, onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy bolsa türkmen sungatynyň taryhynda täze sahypany açdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen yzygider gyzyklanýar hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny mydama gözegçilikde saklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat desgalarynyň gurluşygy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde ululy- kiçili önümçilik kärhanalary, şol sanda, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Munuň özi azyk howpsuzlygyny, degişli ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün eder. Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem gözel paýtagtymyz Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ylýas HASANOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.