Arkadag şäheri — binagärligiň ajaýyp nusgasy
16-05-23
Uly üstünliklere beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyşnamalary nazara alnyp, täze, döwrebap edara ediş merkezini «Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň kabul edilendigi baradaky hoş habar hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, il-ýurt bähbitli taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwletli döwrana eýe bolan, bu günki günde bolsa Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurt berkararlygyny barha berkidýän agzybir halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda birinji tapgyrynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Arkadag şäheri ýurdumyzda we tutuş sebitde ilkinji «akylly» şäher bolar. Bu ýerde «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýän işler, ýagny «akylly» öý, «akylly» awtoduralga, «akylly» ýolyşyk ýaly, döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy ýa-da ilata ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G görnüşli enjamlar toplumynyň gurnalyp, işe girizilmegi şäheriň ýaşaýjylary üçin ýokary derejeli häzirki zaman durmuş düzümini döreder. Bu ýerde her bir maşgala onlaýn söwda, jemagatdyr aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini internet arkaly, nagt däl görnüşinde geçirip, ene-atalar mekdebe gatnaýan çagalarynyň sapaklara ýetişigine, okuw dersleri boýunça alýan bahalaryna, gazanýan üstünliklerine öýde oturan ýerlerinden gözegçilik edip bilerler. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň ýola goýulmagy häzirki wagtda gymmaty barha artýan wagtyň tygşytlanylmagy, adamlaryň gündelik iş-aladalarynyň hemmesine ýetişmegi üçin ýokary amatlyklaryň üpjün edilmegi babatda örän ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda şeýle döwrebap hem iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi, häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan, taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Hut şonuň üçin-de açylyş dabarasy dünýä ýaň saljak bu ajaýyp şähere «Arkadag» adynyň dakylmagy tüýs mynasyp çözgütdir hem-de halkymyzyň ýürek isleginiň wysalyna gowuşmagydyr. «Halkda Hakyň ady bar» diýilýär. Halkyň söýgüsine, synmaz ynamyna mynasyp bolýan adamlar Hak nazary düşen beýik ynsanlardyr. Halkyny beýgelden ynsanlary halk hem öz gezeginde beýgeldýändir, mertebeleýändir. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary, Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklary esasynda Arkadag şäherinde gurlan bilim we medeniýet ulgamlaryna degişli binalara halkyň il-gün, Watan üçin uly hyzmatlary bitiren görnükli ogullarynyň, taryhy şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy-da munuň ýene bir aýdyň mysaly boldy.
Täze ösüşleri nazarlaýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň bu günki günleri bolsa Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz şöhratly pederlerimiziň şäher gurmak, bina galdyrmak, döretmek ýaly asylly, döwletli ýörelgelerini häzirki zaman derejesinde barha rowaçlandyrýar.
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy uly toýa, baýramçylyk şatlygyna beslenip, dünýä ýaň salar. Şol waka gadymy hem şöhratly halkymyzyň azym-azym şäherleri gurmaga ukyplydygyny, toýlarynyň dabarasyny dagdan aşyryp, uludan tutýandygyny ýene bir ýola äleme äşgär eder. Halkymyzyň at-abraýyny Ýer ýüzünde şeýle belende galdyrýan Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdyp, uzak ömür, berk jan saglygyny, alyp barýan döwletli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýäris!
Merdan MURADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.