ARKADAG YLHAMYNDAN DÖRÄN ŞÄHER

16-05-23

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaşaýan raýatlardan gelip gowşan teklipler esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň berkarar bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen täze döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi. Şeýle hem «Arkadag» şäheri diýlip atlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çalt depginde gurulýan täze şäher innowasiýalaryň, tehnologik ösüşiň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Çünki ylmy-tehniki ösüşiň mümkinçiliklerini özleşdirmek ösen döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutup, gurluşygyna badalga bermegi netijesinde dörän Arkadag şäheri ýurdumyzda ilkinji, nusgalyk «akylly» şäher bolar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilýän şäherde ekologiýa taýdan arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly, saglyk we sagdyn durmuş üçin amatly gurşaw emele gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyryljak Arkadag şäherinde gurulýan saglyk öýleri, 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, «Saglyk» seýilgähi halkyň hyzmatynda bolar. Şeýle dünýä nusgalyk işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň dowam etdirýän ösüş syýasatynyň netijesidir. Adamlaryň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Täze şäherde gurulýan binalara halkyň islegi esasynda türkmeniň taryhynda mynasyp orun alan şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy şöhratly geçmişimize, ata-babalarymyzyň beýik işlerine goýulýan sylag-hormaty alamatlandyrýar. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan lukmany Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy örän guwandyryjydyr. XX asyrda ýaşan Saçly Dursunowanyň manyly ömri, lukmançylyk ugrunda çeken zähmeti, hünär ussatlygy bagtyýar ýaşlarymyza, şol okuw mekdebinde bilim aljak geljekki lukmanlara nusga bolar. Zenan lukman Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, söweşlerde ýaralanan esgerlere lukmançylyk kömegini bermek bilen, ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezdi. Birnäçe orden-medallara mynasyp boldy. Ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagyna, ösmegine goşan saldamly goşandy bilen taryhda öçmejek yz goýan lukman, alym Saçly Dursunowanyň ady Arkadag şäherinde ebedi ýaşar. Munuň üçin ähli lukmanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýar.

Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklary barada maglumatlary ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Toplumlaýyn esasda gurlan ilkinji «akylly» şäher ekologiýa taýdan arassa sebit ekologik çäre boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alyndy. 336 sany binanyň we desganyň, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 258 sanysyny öz içine alýan, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ediljek çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar, döwlet edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň bir ýerde jemlenmegi ilata hyzmat etmegiň netijeli usulyny döredýär.

Mahlasy, Arkadag şäheri täze döwrüň nusgalyk şäheridir. Şonuň üçinem, bu ýerde ýaşajak adamlar hem bagtdan paýly ynsanlardyr. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Nazar BAGTYÝAROW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.