Arkadag şäheri — abadançylygyň we rowaçlygyň aýdyň nusgasydyr

16-05-23

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşlerinde ynamly ädimler bilen öňe barýar. Ykdysady ulgamda ýetilýän belent sepgitler adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Durmuş ulgamyny nazarlaýan ykdysady ösüş, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olara mysal hökmünde paýtagtymyzda we welaýat merkezlerimizde gurlan ýaşaýyş jaý toplumlaryny, edara binalaryny görkezmek bolar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň häzirki zaman oňaýlyklarynyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, okamagy we göwnejaý dynç almagy üçin edilýän yzygiderli aladalaryň netijesidir. Arkadag şäheri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde ilkinji «akylly şäher» bolar. Täze şäheriň yşyklandyryş ulgamy, ýol-ulag düzümleri, merkeziň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly täze taslamalar dünýä nusgalykdyr.

Arkadag şäheriniň desgalar toplumy häzirki zaman köpugurly we rahat ýaşaýyş gurşawyny emele getirýär. Döwrebap edara ediş merkezinde täze tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gitmekde durmuş we ykdysady taýdan ösüş möhüm şert bolup durýar. «Akylly şäherler» bu ösüşleriň ählisini özünde jemleýär. Durmuşa ornaşdyrylýan innowasion taslamalar, olaryň gurluşygynda ulanylýan iň häzirki zaman tehnologiýalary ýurdumyzyň maliýe-ykdysady, aň-bilim, ylmy-tehniki kuwwatynyň uly mümkinçiliklerini görkezýär.

Dünýä derejesinde bäsleşmäge ukyply şäherleriň döredilmegi ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýäniň gazananlaryna ymtylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, täze şäherde ýerleşýän binalara meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, halallyk, adamkärçilik ruhunda terbiýelenmekleri babatda wajyp çözgütdir diýip aýtmak bolar. Hususan-da, mugallym, esger, ilhalar ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň, meşhur seýis, atşynas Aba Annaýewiň atlarynyň şäherdäki binalardyr desgalara dakylmagy bu beýik ynsanlara halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy ugrunda görkezen gaýratlaryna, yhlaslaryna nesiller tarapyndan belent sarpa goýulýanlygyndan nyşandyr.

Täze edara ediş merkezi enjamlaşdyrylan edara binalaryny, bilim-terbiýeçilik, medeni ojaklaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. Amala aşyrylýan işlerde milliligiň şöhlelendirilmegi şäheriň sazlaşykly keşbini emele getirýär. Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar guralýar. Dünýäniň elektroawtobuslary, elektromobilleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi. Munuň özi durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde öz beýanyny tapar. Şeýle-de, bu ýerdäki gök zolaklar, seýilgähler şäher gurşawy we onuň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşýar. Täze merkeziň amatlyklary we artykmaçlyklary Arkadag şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berýär.

Arkadag şäheri türkmen binagärliginiň kämil nusgasydyr. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli işiniň, zehininiň miwesidir. Nesip bolsa, ýurdumyzy özgerdýän beýik işleriň aýrylmaz bölegine öwrülen Arkadag şäheri asyrlara ýaň salar. Ol diňe bir mertebeli türkmen halkynyň diliniň senasy bolman, dünýäniň dilinde hem ýatdan çykmajak aýdyma öwrüler.

Halkymyzyň durmuşyna gönükdirilen bu beýik özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin! Çawy dünýä ýaýran Arkadag şäherimiziň dowamaty dowam bolsun!

Hudaýnazar GURBANGELDIÝEW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.