Yaşlara ynam - geljege umyt
16-05-23
                Biziň bagtyýarlygymyz hemişe-de pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň we ata Watanymyzyň bize bildirýän beýik ynamy bilen aýrylmaz bagly. Halkymyzyň nesilleriň arabaglanyşygynyň jebisligi dogrusyndaky ynamy gadymydyr. Ol ynam Oguz handan gaýdýandyr. Gahryman Arkadagymyzdan Arkadagly Serdarymyza geçirilendir, müdimidir. Halkymyzyň gadymy we müdimi ynamy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň döwlet Senasynda öz mynasyp beýanyny tapypdyr:
«Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip, gorar şanymyz».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy.
2023-nji ýylyň şygary halkymyzy ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine, üstünliklere tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize hormat-sarpanyň nyşanydyr. Munuň özi döwlet Baştutanynyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça amala aşyrýan bimöçber işleriniň, şu günki we geljekki nesilleriň rowaç hem-de abadan geljegini üpjün etmekdäki uly tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň nyşanynda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.
Üstümizdäki ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny 2023-nji ýylda has tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, biz — ýaşlara bildirilen uly ynamyň nyşany bolup, bu belent ynama mynasyp jogap gaýtarmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ata Watanymyzyň diňe bir şu gününiň däl, eýsem ajaýyp ertirleriniň beýikliginiň, sagdynlygynyň aladasyny hut şu günlerden binýat edýän kämil paýhasly Arkadagly Serdarymyzyň, öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» kabul eden Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri mydama belent bolsun!
Bize bildiren uly ynamy üçin ýokary okuw mekdebimiziň ähli ýaşlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem Arkadagly Serdarymyza egsilmejek hoşallyklarymyzy buýsanç bilen beýan edýäris. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Süleýman JUMADOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.