TÜRKMEN ÝAŞLARY — ÝURDUMYZYŇ ŞU GÜNI HEM GELJEGI

17-05-23

Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu ýörelgä eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmak hakynda köp sanly teklip öňe sürüldi. Bu teklipler ähli halk tarapyndan giňden goldaw tapdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze ýyl, nesip bolsa, uly üstünlikleri, rowaçly menzilleri bilen eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Şonuň üçinem üstümizdäki ýylyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar biziň şu günümiz, geljegimizdir. Dogrudan-da, Arkadagly Serdarymyz hemmämize, ylaýta-da, ýaş nesle görelde bolýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çä-ginde däl, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli örän wajyp wezipeler öňde goýulýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda geçiren maslahatyndaky çykyşynda: “Geljekki nesil hakynda alada – munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr” diýip, aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň möhüm ugur-lary boýunça daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek işi ýola goýuldy.

Şeýle hem birnäçe ýylyň dowamynda hökümetara ylalaşyklar we degişli maksatnamalar esasynda, Wengriýa, Rumyniýa, Hytaý we beýleki döwletlerde türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça bilim almaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Halkymyzyň gadymdan gelýän dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Ýaşlarymyzyň bu asylly maksadyna ýetmeklerine ýardam etmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm gollanma, ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini hem-de esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu Maksatnamada ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen gurultaýda bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýady has-da berkidildi, ýagny “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu ösüşleriň, amala aşyrylýan beýik işleriň sakasynda duran, il-gününi bagtly, eşretli günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Meýlis BAÝRAMALYÝEW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.