Ýurdumyzyň şu güni we geljegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
17-05-23
Ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginden ugur alnyp, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän içeri we daşary syýasatda ägirt uly ösüşleri alamatlandyryp, täze öňegidişliklere, has belent sepgitlere ýol açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalara beslenjek ýene ýylyny uly ynam hem ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz ony täze-täze zähmet ýeňişlerine beslemek, gazanylan üstünlikleri berkitmäge mynasyp goşant goşmak üçin yhlasly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýär.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip, aýratyn nygtap aýtdy.
Hawa, ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz özüniň geljegini olar bilen baglanyşdyrýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýip, adalatly belleýär. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň we döredip beren şertleriniň netijesinde watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän we täze ykdysady şertlerde işlemäge ukyply ýaşlar kemala geldi. Şeýlelikde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» bolan 2023-nji ýyl olaryň ýiti zehinini, döredijilik başarnygyny, dürli ugurlar boýunça ukybyny doly derejede ýüze çykarmagyň özboluşly badalgasy bolar.
Ajaýyp zamanamyzda ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda kararynda bellenilişi ýaly, bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa mundan beýläkki durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, üstümizdäki ýylda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşleri gazanmakda örän uly wezipeler öňde durýar.
Elbetde, bu möhüm hem jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde türkmen ýaşlaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçinem olar özleriniň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şahsy kämilliginiň doly açylyp, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegi, beden taýdan ösmegi, şeýle-de döwrebap bilim-terbiýe alyp, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, mahlasy, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döredilen ajaýyp şertlerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni öňegidişliklerinde özlerini görkezýärler, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ruhubelent, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer, hünärli, hakyky dörediji we gurujy nesil bolup ýetişmegi öz öňlerinde belent maksat edip goýýarlar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň tylla güýzüniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Gurultaýda hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň öňünde çykyş etdi hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, beýik özgertmelerini ýaşlaryň arasynda wagyz edip, olary täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda, hakyky watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde täze wezipeleri öňe sürdi. «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, Arkadagly Serdarymyz gurultaýdaky çuň manyly çykyşynda aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi bolsa, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Ýaşlara döwlet goldawynyň möhüm ugurlaryny kesgitleýän bu Kanun ýurdumyzyň ýaşlaryna zerur şertleri döretmek, olary goldamak, durmuşa geçirilýän syýasy, ykdysady, medeni özgertmelere işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek, döredijilikli başlangyçlaryna giň ýol açmak ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary özleriniň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmäge gönükdirýärler. Olaryň alyp barýan jemgyýetçilik işleri, öňe sürýän telekeçilik başlangyçlary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda çekýän yhlasly zähmeti muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Goý, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly uly ösüşleriň ýyly hökmünde şöhratlansyn! Munuň üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Jeren AHMEDOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň rus dili mugallymy.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.