GALKYNYŞ DÖWÜRDE BAGTA ÝAR ÝAŞLAR

17-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan beren ajaýyp ýyllaryň biri bolan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşany bolan bu şygar kalby joşgunly watandaşlarymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň joşgunly dabaralary häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky naýbaşy alada dur. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz nurana durmuşyň eýeleri bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys».

Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän şeýle belent ynamyny ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyk ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar. Döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki saldamly goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Ösüşlerden-ösüşlere ilerleýän ýurdumyz halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Onuň esasy sebäpleriniň biri hem ýaşlara berilýän gyzgyn goldaw diýip aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar üçin berilýän syýasy goldawyň naýbaşysydyr. Syýasy ýörelgäniň baş maksady, ýaşlaryň ata Watanymyzyň ilhalar nesilleri bolup ýetişmeklerini gazanmak, galyberse-de, olaryň kalbynda saýlap alan hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak ýaly oňyn häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň parasatly ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplere eýerip, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýandyklary buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden örän mazmunly çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär» diýip, jaýdar belläp geçdi. Hut şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda ady agzalan guramanyň geljekde amala aşyrylmaly işlerini kesgitledi. Ol asylly işler bolsa, gönümel ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Üstümizdäki ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem, ýokarda aýdylanlaryň buýsançly delilidir. 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýagty ertirlerimiziň, parlak geljegimiziň şugla saçjakdygyna berk ynanýarys. Çünki hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününde öz halkyna, onuň agzybirligine, jebisligine hem-de merdanalygyna bil baglaýandygyny aýdyp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty öňe sürdi. Halk bilen döwletiň bir-birine bolan ynamy, bitewüligi, jebisligi bolsa diňe ýeňişlere, rowaçlyklara eltýändir.

Şeýle buýsanjyň eýesi bolan biz — ýaşlara ähli babatda görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Muhammetýalkap ORAZMYRADOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.