Mizemez bagty türkmeniň
02-06-21
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak, erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy. Bu ýyl bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.
Beýik ösüşleri maksat edinip, bedew bady bilen ýagty geljege sary barýan parahat Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda beýik özgertmeleri başdan geçirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary täze, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan derejelerde kämilleşdirildi. Aýratynam, soňky ýyllarda ähli pudaklary dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygynda dünýä ýüzünde beýik at-abraýa eýe bolýar. Aýratyn hem, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylygymyz häzirki günlerden meýilleşdirilýär.
Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen taryhy, edebi gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldildi. Milli mirasymyz — maddy we ruhy gymmatlyklarymyz öwrenilip, halkymyzyň baý geçmişi esasynda beýik ösüşlere ýetildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýeňillikler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täzeçe enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, döwlet edaralarynyň binalarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu işleriň ählisi halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen, şeýle-de ýaş nesliň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän işlerdir, biziň bagtly ýaşaýşymyzy üpjün edýän Garaşsyzlygyň bize beren miweleridir.
Ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň basgançagy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy her ýyl uly joşgun, şowhun bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk halkymyzyň esasy baýramçylyklarynyň biridir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek baýramçylygymyz hem halkymyza ýatdan çykmajak pursatlary bagyş eder, ol şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda hemişelik orun alar.
Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, bagtyýar zamanada, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Berkarar döwletde şanly seneleri uly dabara bilen bellemäge giň şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Ýurdumyzda ähli beýik işleriň başyny başlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Ysmaýyl NYÝAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.