Arkadag şäheri — döwrüň çyragy

17-05-23

Türkmen halkynyň milli buýsanjy we uçar ganaty bolan meşhur ahalteke atlaryny ýetişdirmäge, seýislemäge bütin ömrüni bagyşlan ynsanlar aýratyn hormata mynasypdyr. Olaryň il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlary iňňän uludyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde, taryhy toprakda bina edilýän täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem-de bu ýerdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkyny diýseň begendirdi. Äleme belli ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren beýik ynsanyň adynyň ebedileşdirilmegi bütin halkymyz bilen birlikde biz — bilim işgärlerini hem buýsandyrýar.

Bu çözgüt türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsiniň, olary ýetişdirmekde, sungat derejesine ýetirilen seýisçilik işiniň nesiller aşyp gelýändigini, bu hünäriň indiki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly we mukaddes serpaýdygyny alamatlandyrýar. Nesip bolsa, geljekde bu Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebinde Aba Annaýewiň bütin ömrüne ukyp-başarnygyny siňdirip seýislän, kämilleşdiren türkmen bedewleri ösdürilip ýetişdiriler, nesilden-nesle geçirilip, seýisçilik sungaty has-da kämilleşdiriler.

Täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan edaralara we binalara görnükli şahslaryň atlarynyň dakylmagy ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepalylykdan alamatdyr. Munuň özi bu şahsyýetleriň il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary bahadyr. Şunuň bilen baglylykda, bu şahsyýetleriň hatarynda Aba Annaýewiň hem adynyň tutulmagy bir tarapdan, çekilen halal zähmete sarpany, ikinji tarapdan bolsa türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan söýgüsini açyp görkezýär.

Ähli döwürlerde-de behişdi bedewler halkymyzyň wepaly dosty, syrdaşy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi boldy. Häzir olar gülläp ösýän, okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr.

Aba Annaýew hem öz gezeginde türkmen seýisleri tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilen atlaryň tohum arassalygyny we ajaýyp häsiýetlerini gorap saklamak babatda dynuwsyz işleri durmuşa geçirip, bu ugurda saldamly goşant goşupdyr. Ahalteke bedewleriniň häzirki deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de ýyndamlygy Aba Annaýew ýaly ussatlaryň, zehinli atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ussatlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmak, ussat atşynaslaryň sarpasyny belentde tutmak ýaly asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun we çäksiz alkyş aýdýarys!

Sanjar GURBANOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.