Arkadag şäheri — döwrüň çyragy
17-05-23
Türkmen halkynyň milli buýsanjy we uçar ganaty bolan meşhur ahalteke atlaryny ýetişdirmäge, seýislemäge bütin ömrüni bagyşlan ynsanlar aýratyn hormata mynasypdyr. Olaryň il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlary iňňän uludyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde, taryhy toprakda bina edilýän täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem-de bu ýerdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkyny diýseň begendirdi. Äleme belli ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren beýik ynsanyň adynyň ebedileşdirilmegi bütin halkymyz bilen birlikde biz — bilim işgärlerini hem buýsandyrýar.
Bu çözgüt türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsiniň, olary ýetişdirmekde, sungat derejesine ýetirilen seýisçilik işiniň nesiller aşyp gelýändigini, bu hünäriň indiki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly we mukaddes serpaýdygyny alamatlandyrýar. Nesip bolsa, geljekde bu Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebinde Aba Annaýewiň bütin ömrüne ukyp-başarnygyny siňdirip seýislän, kämilleşdiren türkmen bedewleri ösdürilip ýetişdiriler, nesilden-nesle geçirilip, seýisçilik sungaty has-da kämilleşdiriler.
Täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan edaralara we binalara görnükli şahslaryň atlarynyň dakylmagy ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepalylykdan alamatdyr. Munuň özi bu şahsyýetleriň il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary bahadyr. Şunuň bilen baglylykda, bu şahsyýetleriň hatarynda Aba Annaýewiň hem adynyň tutulmagy bir tarapdan, çekilen halal zähmete sarpany, ikinji tarapdan bolsa türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan söýgüsini açyp görkezýär.
Ähli döwürlerde-de behişdi bedewler halkymyzyň wepaly dosty, syrdaşy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi boldy. Häzir olar gülläp ösýän, okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr.
Aba Annaýew hem öz gezeginde türkmen seýisleri tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilen atlaryň tohum arassalygyny we ajaýyp häsiýetlerini gorap saklamak babatda dynuwsyz işleri durmuşa geçirip, bu ugurda saldamly goşant goşupdyr. Ahalteke bedewleriniň häzirki deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de ýyndamlygy Aba Annaýew ýaly ussatlaryň, zehinli atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ussatlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmak, ussat atşynaslaryň sarpasyny belentde tutmak ýaly asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun we çäksiz alkyş aýdýarys!
Sanjar GURBANOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.