Beýik ynsanyň belent sarpasy
17-05-23
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegi uly üstünliklere beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biridir. Täze şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzyň her bir raýatynda buýsanç we hoşallyk duýgularyny döretdi.
Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda täze şäher ägirt uly gurluşyk mekany bolup, ol ýerde Ahal welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ahal atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet we Bagt köşkleriniň, kitaphana, drama teatr, muzeý ýaly medeni-aň bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň, welaýat derejesindäki kärhanalardyr guramalaryň binalarynyň hem-de köp gatly ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözlerinden ruhlanyp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna halk bähbitli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Täze şähere ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan müňlerçe teklipleriň esasynda «Arkadag» adynyň dakylmagy milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhuny we söýgüsini belende göterýär. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, kärhanalara, medeni, saglygy goraýyş we bilim edaralaryna, binalara dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany bolmak bilen, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Bu asylly däbiň Arkadag şäherinde bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalary mynasyp atlandyrmak babatda hem dowam etdirilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik, döwletlilik ýörelgeleriň, «Halal zähmet — baky döwlet» ýaly dürdäne jümleleriň häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigine we dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde halkymyzyň bagtyýar, abadan we asuda durmuşynyň binýatlarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Umytjan TÄŞEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.