Döwletli maslahat - röwşen geljek
09-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň we jemgyýetimiziň abadançylygyna gönükdirilen döwlet maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmenistanlylaryň döwletiň hem jemgyýetiň bähbidine öňe sürülýän başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygynyň beýanydyr. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ählihalk ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Bu wakalardan biri hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi döwletimiziň täze eýýamynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu taryhy çözgütler syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütler halk häkimiýetiniň milli ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmeginiň konstitusion özgertmeleriň jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanylýandygynyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgäni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyza bildirilýän belent sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki taryhy çykyşy her bir raýatyň kalbynda buýsanç duýgusyny oýardy. Onda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi, ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetmegiň ýolunda halkymyzyň jebisligini hem-de agzybirligini berkitjek oňyn teklipler öňe sürüldi.
Manyly ömrüni ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyz halk bilen işlemegiň, Watana hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýär. Müňýyllyklardan gözbaş alýan buýsançly taryhy bolan ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, parasatly syýasaty esasynda dünýä parahatçylyk nuruny çaýýan kuwwatly döwlete öwrüldi. türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik işlerine, parahatçylyk taglymatyna bütin dünýäde uly sarpa goýulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň raýatlary baradaky aladalara gönükdirilen beýik işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan barha rowaçlandyrylýar. Bu hakykaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly gadamlarynda görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ynamly dowam etdirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ähli gazanylýan uly üstünlikler, ýerine ýetirilýän işler, amala aşyrylýan özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň oňyn netijesi bolup durýar. Belent maksatlar beýik işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi.
Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýaly ata-baba gelýän mukaddes ýörelgelerimiz häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmek babatynda döwlet syýasatymyzda rowaçlanýar. Beýik ösüşleriň gözbaşy bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da rowaçlanýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Şeýle ajaýyp döwürde ösüşlerimiziň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.