PARAHATÇYLYK SÖÝÜJIlikli ÝÖRELGELER
05-06-21
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde giňden ýaýbaňlandyrýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi häzirki wagtda bütin dünýäde giňden ýaýbaňlanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan döwletimiz dünýäniň nazarynda ýokary tizlikli ösýän, dostlugy pugtalandyrýan ygtybarly ýurt hökmünde tanalýar. Adamzat üçin iň zerur düşünjeler bolup durýan, biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri hyzmatdaşlygyň, ösüşiň baş şertine öwrülýär.
Milli Liderimiziň öňe süren başlangyjynda dünýä jemgyýetçiligi üçin abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, ählumumy howpsuzlyk öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrmak bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler babatda hem şeýle syýasaty durmuşa geçirýär. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirýär. Bu bolsa döwletimiziň geljekde alyp barjak halkara işleriniň uly üstünliklere beslenjekdigine güwa geçýär.
Häzirki wagtda döwletimiz özüniň daşary syýasatynda baky Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär. Dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Baky Bitarap ýurdumyz özüniň bu hukuk derejesine eýe bolan döwründen bäri onuň ýörelgelerini ygrarlylyk bilen durmuşa geçirýär. Ýurdumyz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, durnukly parahatçylyga, raýdaşlyga, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmegi maksat edinip, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns berýär.
Ösüşiň täze belentliklerine barýan baky Bitarap ýurdumyzyň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanýandygynyň, halkymyzyň iň gymmatly häsiýetleriniň dowamatynyň we ýüze çykmagynyň esasy geçen çärýek asyra golaý wagtyň dowamynda durmuşa geçirilen netijeli işlerde açyk-aýdyň görünýär. Parahatçylyk söýüji ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly dünýäniň abraýly halkara guramalary, şeýle-de köp sanly döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Muňa aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiziň üçünji müňýyllykda hem dünýäniň köp sanly ösen döwletleriniň arasynda hoşmeýilli, özara bähbitli ynanyşmak derejesindäki gatnaşyklary ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň syýasy başlangyçlary bilen ýurdumyz bütin dünýäniň gyzyklanmasyny gazanandyr. Türkmen döwletini şeýle beýik derejä galdyran hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda amala aşyryljak tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Öwlýäguly SÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.