Sanly bilim ulgamy – ýaş hünärmenleri taýýarlamaklygyň kämil binýady

24-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde türkmen ýaşlary häzirki zaman biliminiň iň ösen derejesine – sanly ulgam usulyna laýyklykda bilim alýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt ­bäh­bit­li ­amala aşyr­ýan işle­ri­niň­ ne­ti­je­sin­de, ­ýaş­ ne­sil ­ha­kyn­da­ky ­ala­da­ döw­let­ sy­ýa­sa­ty­nyň­ ile­ri­ tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň­ biri­ne ­öw­rül­di. ­Ýur­du­my­zyň ­ýaş­ nes­li­niň ­ösen ­döw­rüň­ ta­lap­la­ry­na laýyk­ de­re­je­de ­bi­lim­li, ­edep ­ter­bi­ýe­li, ­be­den­ hem­-de ru­hy ­taý­dan sag­dyn ­bol­ma­gy, hü­när­ al­ma­gy we­ yl­my ­dö­re­di­ji­li­ge ­ug­ruk­ma­gy, ­ata Wa­ta­na, ­hal­ka, ­mer­da­na­ ata­-ba­bala­ry­my­zyň ­asyl­ly­ ýol­ ýö­rel­ge­le­ri­ne wepa­ly­ ra­ýat­lar­ bo­lup­ ýe­tiş­me­gi­ üçin­ giň­ ge­rim­li­ iş­ler ­üs­tün­lik­li­ durmu­şa ­ge­çi­ril­ýär.

Hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan ­ka­bul­ edi­len döw­let­ we ­mil­li­ mak­sat­na­ma­larda kes­git­le­nen ­anyk ­we­zi­pe­le­re laýyk­lyk­da, ­bi­lim­ eda­ra­la­ry­ny­ dün­ýä ­öl­çeg­le­ri­ne laýyk­ gel­ýän ­tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we ­okuw­ teh­ni­ki en­jam­la­ry ­or­naş­dyr­mak­ iş­leri ­yzy­gider­li ­al­nyp­ ba­ryl­ýar. ­Yl­myň­ iň­ soň­ky ga­za­nan­la­ry ­hem­-de­ okat­ma­gyň­ inno­wa­sion­ usu­ly­ýe­ti ­bi­lim­ ul­ga­my­na giň­den­ or­naş­dy­ryl­ýar. Eziz­ Di­ýa­ry­my­zyň­ nu­ra­na ­gel­je­gi bo­lan ­ýaş­ nes­le­ hä­zir­ki ­za­ma­nyň­ ölçeg­le­ri­ne ­la­ýyk ­ýo­ka­ry­ dere­je­li ­bi­lim ber­mek­ mäh­ri­ban­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ esa­sy ­ala­da­la­rynyň­ bi­ri­dir. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­lim­ ul­ga­my­na ­taý­syz özgert­me­ler gi­riz­di. Mak­sa­da­ ok­gun­ly ­ýaş­la­ra­ gel­je­gi aý­dyň­ ýol­lar­ açyl­dy. ­Bi­lim­ we ­ylym ul­gam­la­ry­nyň­ saz­la­şyk­ly ­ös­me­ginde­ ­ýaş­ nes­liň­ ösü­şin­de dün­ýä ­öl­çeg­le­ri­ne ­la­ýyk­ de­re­je­de düýp­li ­bi­lim­ al­ma­gy­nyň ­hem-­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap­ döwle­ti­mi­ziň ­yk­dy­sa­dy, ­sy­ýa­sy, ­mede­ni ­dur­mu­şy­na­ my­na­syp ­go­şant goş­ma­gy­nyň, ­dün­ýä­niň ­bi­lim­ ylym ul­ga­my­nyň­ ga­za­nan­la­ryn­dan­ habar­ly, ­kä­mil­ hü­när­men­ler­ bo­lup­ ýe­tiş­me­gi­niň­ mö­hüm­ şert­le­ri­niň­ bi­ri­-de ­ola­ryň­ döw­re­bap ­mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny­ öz hü­när ­işin­de­ iş­jeň­ hem­-de ­ne­ti­je­li­ ula­nyp­ bil­me­gi­ni­ gazan­mak­dan ­yba­rat­dyr.

­Türk­me­nistan­da­ mil­li­ bi­lim­ ul­ga­my­nyň ­hä­zir­ki­ ösüş­ tap­gy­ryn­da ­öň­de­ durýan­ bu mö­hüm­ we­zi­pe­ dün­ýä­niň­ öň­de ba­ry­jy­ ga­za­nan­la­ry­nyň ­esa­syn­da mil­li ­san­ly ­bi­lim­ ul­ga­my­nyň­ mun­dan beý­läk­ ös­dü­ril­me­gi­ni, ­okat­ma­gyň­ in­no­wa­sion­ çe­me­leş­me­le­ri ­bi­len ut­ga­şyk­lykda mag­lu­mat ­kom­muni­ka­si­ýa ­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ­bi­li­miň­ äh­li ­bas­gan­çak­la­ryn­da giň­den­ ornaş­dy­ryl­ma­gy­ny ­şert­len­dir­ýär Wa­ta­ny­myz­da ­san­ly­ bi­lim­ ulga­my­ny ös­dür­mek­ bu­ ugur­da tehnologik täzeçilligi döretmegi we ­ýaý­rat­ma­gy, ­bi­lim­ eda­ra­la­ry­nyň­ teh­no­lo­gi­ýa­ taý­dan ­ös­dü­ril­me­gi­niň­ çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, bi­li­miň­ äh­li de­re­je­le­ri ­üçin ­ze­rur ­elekt­ron ­maglu­mat­lar­ go­ru­nyň­ dö­re­dil­me­gi­ni hem­-de­ şo­la­ra ­tor ­ar­ka­ly ­el­ýe­ter­li­li­gi­ üp­jün­ et­me­gi­ göz­ öňün­de ­tut­ýar. Sanly ­bi­lim­ ul­ga­my­nyň ­döw­re­baplaş­dy­ryl­ma­gy ­hil ­we ­maz­mun­ taý­dan täze basgançaklara götermäge gö­nük­di­ri­len­dir. ­Türk­me­nis­ta­nyň­ Bi­lim­ mi­nistr­li­gi­niň­ ga­ra­ma­gyn­da in­no­wa­si­ýa­ mag­lu­mat ­mer­ke­zi­ni hem-de bilim portalyny döretmek bo­ýun­ça­ köp­ iş­ler ­al­nyp ­ba­ryl­ýar. ­Şol esasda hem Türk­me­nis­ta­nyň­ In­že­ner-teh­ni­ki­ we ulag kommunikasiýalary institutynyň sanly bilim portaly hereket edýär. Hu­su­san­da, bi­lim­ eda­ra­la­ry­nyň ­biri­ bi­ri ­bi­len ­saz­la­şyk­ly ­iş­le­me­gi­ üçin ola­ryň ­ara­syn­da mag­lu­mat­ alyş­magyň ­ýe­ke­täk ­to­ry­ dö­re­dil­ýär. ­San­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan­ ýer­lik­li peý­da­lan­mak ­bi­len­ ýaş­ nes­le­ be­ril­ýän ­bi­li­miň­ maz­mu­ny ­mag­lu­mat­lar to­ru­nyň ­üs­ti­ bi­len ­baý­laş­dy­ryl­ýar, ­hi­li­ ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. ­

Kon­sep­si­ýa ­la­ýyk­lyk­da, ­elektron­ okuw ­kitap­la­ry, ­gol­lan­ma­la­ry, wi­deo ­au­dio, mul­ti­me­dia­ prog­ramma­la­ry, ­tä­ze-­tä­ze ­okuw­ es­bap­la­ry, mag­lu­mat ­ki­tap­ça­la­ry, ­adal­ga­la­ryň­ söz­lük­le­ri, ­aý­ry-­aý­ry ­sa­pak­la­ryň­ nus­ga­wy­ ber­li­şi­ni­ be­ýan­ ed­ýän wi­deoma­te­rial­lar ­dö­re­dil­ýär we kitaphana portalynda ýerleşdirilýär. ­Elektron­ okuw­la­ryň, uzak­ ara­lyk­dan okat­ma­gyň­ tä­ze­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ­bi­len, bi­li­miň­ do­lan­dy­ry­ly­şy­ kä­mil­leş­di­ril­ýär. ­

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýerleşýän bilim edaralaryň hemmesinde sanly bilim ulgamynda bilim bermeklik üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Okuw jaýlarynda multimediýa tagtasynda ders geçilmekligi bolsa, türkmen ýaşlaryna sanly bilim ulgamynda bilim bermekligiň iň esasy usullarynyň biridir. Bu usul bilim edaralary üçin diýseň ähmiýetlidir. Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ylym-bilim ulgamynda hem, täzeçe maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen uly işler amala aşyrylýar. Döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Bu babatda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edilip, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşl aryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmak, saýlap alan ugry boýunça kämilligini gazanmak, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Goý, döwletimizde ýaşlaryň inowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän hemmetaraplaýyn kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Güljan TÄJIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.