Arkadag şäheri – täze eýýamyň ýalkymy

18-05-23

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly taryhy wakalar bilen gurşalýar. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda - gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, Ahal welaýatynda gurulýan täze, döwrebap edara ediş merkezi “Arkadag şäheri” diýlip atlandyryldy. Bu waka döwrümiziň ýalkymyna öwrülip, halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgininiň hem-de köpugurly kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini, şol sanda amatly ekologik gurşawyň döredilmelidigini belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň günsaýyn gözelleşýän Arkadag şäheriniň dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda orun eýelejek wagty bolsa indi daşda däl. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şäherde ýaşaýan adamlar üçin amatly daşky gurşawy döretmek hem-de olaryň oňaýly ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmek şäheri ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda halkymyzyň baý taryhyny we medeniýetini aýdyň şöhlelendirýän, türkmeniň beýik ogullaryna, zenanlaryna belent hormat-sarpany aňladýan we uly täsir galdyrýan täsin binagärlik çözgütlerine aýratyn orun berilýär.

Berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen milli binagärlik, ylym-bilim, senagat, ykdysadyýet, oba hojalyk, innowasion tehnologiýalar ulgamlaryny ösdürmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Sungat derejesine ýetirilýän Arkadag şäheri ajaýyplygy, bitirilen beýik işler bilen bitewülikde halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär. Ruhubelentlik we belent ynam mähriban halkymyzda berkarar Diýarymyzyň öňegidişliklerine, beýik ösüşlerine düşünmäge, gurmaga we döretmäge bolan höwesi, hyjuwy artdyrýar. Halkymyz ýurtda amal edilýän beýik işlerden, ýurduň şöhratly ösüşlerinden, asuda we bagtyýar durmuşyndan, ata Watanyň bähbidine gönükdirilýän beýik başlangyçlardan ylham we güýç-kuwwat alýar. Amala aşyrylýan beýik işleriň ata Watanymyzyň berkararlygyny, abraý-mertebesini belende galdyrmakdaky, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dabaralanmagyndaky ähmiýeti juda ýokarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gözbaş alan beýik işler ýurdumyzyň ähli ýerlerini zähmet joşgunyna, belent özgertmelere besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz beýik ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny, asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýär, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw-isleglerini berkarar edýär. Beýik ösüşlere beslenýän Diýarymyzda her bir türkmenistanlynyň ýüregi “Jan Watanym Türkmenistan” diýip urýar. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasyna, baş şygaryna öwrüldi. Türkmen halkynyň şu güni, şöhratly geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, hatar-hatar obalary, şäherleri, şäherçeleri, ýaşaýyş toplumlaryny döretmeginde, bir başa gulluk etmeginde jemlenendir. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

Goç BEGMURADOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.