Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şuglasy

17-04-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher — Arkadag şäheri kemala gelýär. Bu şäheriň aýratynlyklary, onda döredilýän şertler dogrusynda entek kän-kän söhbet ediler. Onda halkymyzyň köňül islegi öz beýanyny tapdy. Çünki bu şäher döwrümiziň Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, hemişelik üns-aladasynyň ajaýyp miwesidir.

Türkmen topragynyň çar künjegi, şol sanda gadymy Ahal ýaýlasy-da geçen taryhy döwürleriň medeni ösüşleriniň janly şaýadydyr. Geçmişde bu ýerde ýaşan zähmetsöýer ilatyň tebigat bilen ysnyşykly ýaşap, şäherleri, obalary gurandygyny, ýelden ýüwrük atlary ýetişdirendigini welaýatyň çäklerindäki taryhy ýadygärliklerde tapylan tapyndylardan hem görmek bolýar. Bu babatda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti» ýaly gymmatly kitaplarynda ylmy taýdan esaslandyrylan mysallar getirilýär. Olarda Türkmenistanyň dürli künjeklerinden, şol sanda merkezi Köpetdagyň eteklerinden awçylyk, balyk tutmak, ir-iýmiş çöplemek, haýwanlary eldekileşdirmek bilen baglanyşykly taryhy tapyndylaryň zähmetiň we paýhasyň gudraty bilen ynsan durmuşyny özgerden ilkinji medeni hadysalardygy beýan edilýär.

Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen bagly alnyp barylýan işler şöhratly taryhymyza, merdana pederlerimize goýulýan belent sarpanyň aýdyň nusgasydyr. Biz munuň şeýledigine Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda «Arkadag şäheri» adynyň berilmegi, onuň çäginde ýerleşýän medeni maksatly desgalara döwletimize, halkymyza wepaly hyzmat eden, syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerimize uly goşant goşan meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy bilen bagly çözgütleriň beýan edilmegi ildeşlerimiziň giň goldawyna mynasyp boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde amala aşyran we aşyrýan işleriniň bimöçberdigini ähli halkymyz bilen birlikde bu gün bütin dünýä ykrar edýär.

Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň, baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň zähmet we durmuş ýoly şu günki ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Täze taryhy döwrüň aýdyň nusgasy bolup kemala gelýän Arkadag şäherinde şeýle görnükli şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilmegi olara goýulýan hormat-sarpanyň näderejede uludygynyň, döwürlerdir nesilleriň arasyndaky baglanyşygyň mizemezliginiň nyşanydyr. Ýagşy işleri bitiren ynsanlardan diňe ýagşy at galýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly ajaýyp şygrynyň sözleri bilen aýtsak, uly dünýäni ýaz ýaly ýagşy adamlar bezeýär!

Daýanç ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.